Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Eýran ABŞ-nyň sanksiýalary bilen baglylykda urany baýlaşdyrmagyny dikeltmek haýbatyny atýar

0
Eýranyň prezidentiniň aýtmagyna görä, eger-de dünýäniň täsirli ýurtlary Tähranyň bähbitlerini ABŞ-nyň sanksiýalaryndan goramasalar, Yslam Respublikasy urany ýolary derejede baýlaşdyrmak işlerini dikelder. 


Hassan Rohaniniň 8-nji maýda döwlet telewideniýesinde görkezilen halka ýüzlenmesi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen halkara ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyny yglan etmeginiň ýyl dönümine gabat geldi. 


Rohani ylalaşyga gol çeken beýleki ýurtlaryň - Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Orsýetiň Eýranyň nebit we bank pudaklaryny goramak üçin 60 gününiň bardygyny aýtdy.


Rohani bäş ýurduň liderlerine ýazan hatynda, Eýranyň 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyndaky käbir borçnamalaryny kemeldip başlajagyny we ylalaşykda görkezilişi ýaly mundan beýläk baýlaşdyrylan urany we agyr suwy beýleki ýurtlara eksport etmejegini aýtdy.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *