Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

YD Kaşmirde bolan çaknyşykdan soň Hindistanda 'welaýat edindim' diýýär

0
“Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri, dawaly Kaşmir sebitinde YD bilen gatnaşykda diýilýän söweşijiniň öldürilmegi bilen, jeňçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykdan soňözleriniň Hindistandaky “welaýatlaryny” döredendiklerini aýdýarlar. 


YK bilen baglanyşykly “Amak” habar gullugy 10-njy maý güni giçlik bu aýdylýan täzeligi aýan edip, YD ýolbaşçylarynyň ol welaýaty “Hind welaýaty” diýip yglan edendiklerini habar berdi. 


Şeýle-de bu beýanatda YD-nyň hindi dolandyryşyndaky Kaşmiriň Amşipora şäheriniň Şopian etrabyndaky hindi esgerlerine zarba urandyklary aýdylýar.


YD-nyň beýanaty Hindistanyň 10-njy maýdaky polisiýa beýanatyna gabat gelýär, ol beýanatda Ishfak Ahmad Sofi atly jeňçiniň Şopianda bolan çaknyşykda öldürilendigi aýdylýar.


YD-nyň bu beýanaty jeňçi guramanyňaprelde Yrakda we Siriýada yglan eden “halyfatyndan” kowlup çykarylandan soňky ýagdaýyny ýuwmarlamaga gönükdirilene meňzeýär.


Şondan bäri Yd urup-gaçmak we janyndan geçen hüjümçileri ulanmak çärelerini güýçlendirdi, şol sanda Şri-Lankada 253 adamy öldüren pasha hüjümleriniň hem jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *