Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar edýär

0
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ýekşenbe güni Aşgabada ugrady diýip, menafn.com neşiri habar berýär.


Zarif sapar wagtynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşjak ýokary derejeli syýasy-ykdysady delegasiýa ýolbaşçylyk eder.


Neşir Eýranyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, sapar wagtynda ýokary derejeli türkmen resmileri bilen hem duşuşyklaryň boljagyny habar berýär.


Duşuşyklarda taraplaryň arasynda dürli ugurlarda guralan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barşyna syn berler, şeýle-de energiýa, biznes, transport, gümrük we syýasat ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek hakynda maslahat ediler.


Mundan başga, eýran neşiri taraplaryň regional we global derejede bolup geçýän iň soňky wakalar hakynda pikir alyşjakdygyny belleýär.


Ýokary derejeli eýran delegasiýasynyň Aşgabada sapary Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi. 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *