Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Tanymal gazak alymy 'içalyçylykda' güman edilip, tussag edildi

0
Gazak häkimiýetleri ýurduň belli sinologyny, hytaýy öwreniji Konstantin Syroyežkini ýokary dönüklik aýyplamalary esasynda tussag etdi.


Milli howpsuzlyk komiteti 17-nji maýda 62 ýaşyndaky ekspertiň fewralda tussag edilendigini aýtdy. Bu iş boýunça başga jikme-jiklikler aýdylmady. 


MHK-nyň beýanaty tassyklanmadyk media habarlarynda Syroyežkiniň içalyçylyk aýyplamalary esasynda tussag edilendigi barada çykan maglumatlaryň soňundan çap edildi. 


Almaty şäherinde doglan Syroyežkin 2006-njy ýyldan bäri prezidentiň Strategiki barlaglar institutynda ekspert we analitik bolup işleýärdi.


Ol Hytaý we Hytaý-Gazak gatnaşyklary boýunça rus, gazak we iňlis dillerinde ýazylan müňden gowrak analitiki we ylmy-barlag işiniň awtory bolup durýar. 


Ol Gazagystanda gatnaşmaly iki maslahatyna gatnaşmandan soň gözlenip başlandy. Şonda Gazagystanyň Adam hukuklary býurosynyň başlygy Ýewgeniý Žowtis Azatlyk radiosyna alymyň tussag edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy. 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *