Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Türkmenistanyň prezidenti itler hakynda kitap ýazýar

0
Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy maýda Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, täze dogan güjüklere at dakanyndan soň, itler hakynda täze kitap ýazmaga başlady. 


Resmi maglumatlara görä, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri derman ösümlikler, atlar, haly, çaý we beýlekiler barada 50 töweregi kitap ýazdy.


TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllaryň dowamynda alabaý itleriniň taryhyna degişli maglumatlaryň toplanylmagyna uly ähmiýet berendigini belleýär.


Neşiriň tassyklamagyna görä, itler hakynda ýazylýan kitap prezidentiň “türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasy” bolup durýar. 


Bu habar Türkmenistanda eýesiz itleriň zalymlyk bilen ýok edilýändigi, prezidentiň janly-jandarlar üçin uly hassahana we penahana gurmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýändigi hakynda ýaýran maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *