Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 02.02.2019

Türkmenistan ýene 1 million 50 müň tonna 'mejbury' pagta öndürmegi planlaşdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistan 2019-njy ýyldajemi 1 million 372 müň 162 gektar meýdanda oba hojalyk ekinlerini ekmegi planlaşdyrýar. TDH-nyň 1-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatyndan beren maglumatyna görä, welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmegiň we öndürmegiň möçberleri kesgitlenildi. Şeýle-de şu ýyl 550 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegiň meýilleşdirilendigi habar berilýär. Türkmenistan pagta ýygymynda sowet ýyllaryndna gelýän iş dolandyryş usullaryny saklap... Читать дальше...

Berdimuhamedow setýabrdan bäri üç käýinç alan orunbasaryny Lebap welaýaty boýunça hem jogapkärlige belledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilikedýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi. M.Meredow mejlisde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.  Onuň tassyklamagyna görä,“nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1%, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,3%, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9%... Читать дальше...

Esenguly etraby 2018-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby boldy

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Esenguly etraby 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji bolup, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. 2017-nji ýylda bu dereje we pul sylagy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyna berlipdi. Türkmenistan welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler boýunça her ýyl bäsleşik geçirýär. Bu bäsleşikde iň ýokary netijeleri gazanan etrap Türkmenistan boýunça ýeňiji diýlip yglan edilýär. Emma... Читать дальше...

Rus deňizçileri 10 tonna golaý kokain bilen saklandy

Azathabar.com 

Kape-Werde atlantik adalarynyň polisiýasy paýtagt portuna gelen gämiden 10 tonna golaý kokaini konfiskasiýa edendigini we 11 sany rus deňizçisini tussag edendigini aýdýar. Polisiýa 1-nji fewralda bu tutulan neşe maddasynyň ada ýurdunyň taryhynda ele salnan iň uly möçberdäki neşe bolandygyny aýtdy. Kape-Werde Afrikanyň günbatar kenarlarynda adalar topary bolup, ol ýerde latyn amerikan kokanini Günbatar Afrikanyň üsti bilen Ýewropa aşyrýan neşe gaçakçylary bilen uzak wagt bäri darkaş gurýan 500 müň çemesi ilat ýaşaýar. Читать дальше...

ABŞ-a jogap edip, Putin Orsýstiň hem orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasyndan çykýandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Birleşen Ştatlaryň bu meselede bir gün öň yglan eden kararyndan soň, Orsýet Orta aralyga ýetýän ýadro ýaraglary şertnamasy (INF) astynda öz alan borçnamalaryny togtadýar diýdi. Putin 2-nji fewralda ABŞ-nyň uzak garaşylan çäresine Orsýetiň reaksiýasyny maslahatlaşmak üçin daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy. "Biz hem şonuň ýaly ederis" diýip, Putin duşuşyk wagtynda aýtdy. "Bizem hutma-hut çäre göreris. Biziň amerikan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *