Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 03.02.2019

Belgradda ýene-de bir protest ýörişi geçirildi

Azathabar.com 

Serb oppozisiýasynyň tarapdarlary şenbe güni, 2-nji fewralda Belgradda tapgyr dokuzynjy protestlerini geçirdiler. Olar RTS jemgyýetçilik radio-telewideniýesiniň baş binasynyň daş gapylaryna surat, ýazgy ýelmediler. Guramaçylar media guramanyň oppozisiýa göz ýumup, hökümete gol ýapýandygyny aýdýarlar. Protest ýörişleri noýabrda nämälim hüjümçiler Serbiýanyň Çep partiýa liderine, Borko Stefanowiçe hüjüm edenlerinden soň başlandy.

ABŞ-da adam öldürmekde güman edilýän Türkmenistanda 'azat ýaşaýar'

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlarda adam öldürip, soňra Türkmenistana gaçandygy aýdylýan iki adamyň biri 10 ýyla golaý wagtdan soň ABŞ-a ekstradisiýa edildi. 2009-njy ýyldaNýu-Ýorkuň Woodmere diýilýän ýerinde 35 ýaşyndaky Wladimir Tolstyhy urup öldürmekde güman edilýän adam Awstraliýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi diýip, “News 12 Long Island” neşiri habar berýär. Wladimir Tolstyh 2009-njy ýylyň 4-nji martynda, Brukliniň "Brighton Beach" seksiýasynda, öz maşgala kärhänasynyň golaýynda öldürildi, onuň yzynda aýaly we üç hepdelik gyzy galdy. Читать дальше...

Makedoniýanyň öňki premýeri Wengriýa ölüm haýbaty sebäpli gaçdym diýýär

Azathabar.com 

Makedoniýanyň ozalky premýer-minsitri Nikola Gruewski Wengriýa öz ýurdundaky iki ýyllyk türme tussaglygyndan gaçyp gelendigini, sebäbi özüne türmede öldürilmekhaýbat atylandygyny aýdýar Gruewski ýurtdan gaçyp çykaly bäri ilkinji gezek 2-nji fewralda Makedoniýanyň “Sitel” telewideniýesine beren interwýusynda başda, “aýyplamalary kanuny esassyz we dälilik” hasaplan-da bolsa, türmä gitmekçi bolandygyny, emma “özüniň türmede kimdir birleri tarapyndan ýok edilmeginiň planlaşdyrylýandygy” hakynda maglumat alandygyny aýtdy. Читать дальше...

Belgradda we beýleki serb şäherlerinde protestçiler prezidentiň işden çekilmegini talap edýärler

Azathabar.com 

2-nji fewralda müňlerçe adam tapgyr dokuzynjy hepde paýtagt Belgradda we beýleki şäherlerde ýygnanyp, Serbiýanyň prezident Alesandr Wuçiçiň işden çekilmegini talap etdiler. Protestçiler  #5millionyňbiri (#1of5million) şygary bilen çykdylar, bu şygar öten agşam, Wuçiç demonastarsiýaçylaryň talaplaryny alga alman, “eger ol ýerde siziň 5 millonyňyz bolsa-da, men size baş egmerin” diýeninden soň döredildi. Belgraddaky demonstrasiýalara paýtagtdaky uniwersitetiň studentleri hem goşuldylar, olar öz student ýoldaşlaryny hem proteste goşulmaga... Читать дальше...

Türkiýede ABŞ konsullygyny ok tutmakda güman edilýän aýal tussag edildi

Azathabar.com 

Dört ýyla ýyla golaý ozal Stambulda ABŞ-nyň konsulhanasyna ýaragly hüjüm etmekde güman edilýän aýal türk howpsuzlyk güçýçleri tarapyndan tussag edildi. Aşa çepçi jeňçi toparyň agzasy bolan Hatije Kiliç Stambulyň Awçylar etrabynda tussag edildi diýip, ýerli gubernatoryň edarasy 2-nji fewralda aýtdy. 2015-nji ýylyň awgustynda bolan hüjümde iki aýal konsulhanany oka tutdy. Olaryň biri şol wagt tussag edildi, emma beýlekisi – Kiliç gaçyp gutuldy. Onuň gizlenýän ýeri barada maglumat berene 1.5 million lira ($290,000) möçberinde baýrak goýuldy. Читать дальше...

Fransiýanyň “Sary keltekçe” protestleri 12-nji hepde dowam edýär

Azathabar.com 

“Sary keltekçe” protestçileri diýilýänleriň müňlerçesi Parižde tapgyr 12-nji hepde protest ýörişlerini dowam etdirdi. Bu hereketiň gowşamak alamatlarynyň görnendigine we prezident Emmanuel Makronyň goldawynyň güýçlenmegine garamazdan, Fransiýanyň beýleki şäherlerinde hem kiçiräk protetsler gurnaldy. Protestçiler ozalky ýörişlere mahalynda ýaralanan ýoldaşlaryna sylag-hormat bildirdiler we polisiýanyň pitnä gözegçilik üçin rezin oklary ulanmagyny ýazgaryp çykyş etdiler. Köpçülige kontrollyk etmekde... Читать дальше...

Ýewropa döwletleri Guaýdony Wenezuelanyň prezidenti hökmünde ykrar etmäge taýýarlanýar

Azathabar.com 

Prezident Nikolas Maduranyň täze saýlawlary jar etmegine berlen sekiz günlük möhletiň 3-nji fewralda soňlanmagy bilen, Ýewropa Bileleşiginiň ýedi ýurdy Huan Guaýdony Wenezuelanyň prezidenti hökmünde ykrar etmäge taýýarlanýar. Maduro Germaniýanyň, Fransiýanyň, Spaniýanyň, Portugalyň, Niderlandiýanyň we Belgiýanyň talaplaryny “bihaýalyk” hökmünde ret etdi. Maduro 2-nji fewralda Karakasda öz tarapdarlarynyň ýüşmeleňinde çykyş edip, “Wenezuelanyň hakyky prezidenti men” diýdi. Birleşen Ştatlar, Kanada... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *