Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Новости за 15.02.2019

Täjigistanyň ýük ulaglary Türkmenistanyň serhedinden geçmek üçin rugsada garaşýarlar

Azathabar.com 

Täjigistana barýan we Türkmenistanyň serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň eýeleri we sürüjileri henizem meseläniň çözülmegine garaşýarlar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ulag eýeleri eýran-türkmen serhediniň Sarahsdaky geçelgede 100-den gowrak ýük ulagyň galýandygyny 15-nji fewralda habar berdiler. Täjigistana ýük alyp barýan ulaglaryň bir bölegi iki ýurduň sethetleriniň arasyndaky neýtral giňişlikde, beýlekileri serhediň eýran tarapynda galýarlar. Täjigsatnyň “Global Plus” transport... Читать дальше...

NATO parahatçylyk gepleşiklerine owgan hökümetiniň gatnaşdyrylmagyny goldaýar

Azathabar.com 

NATO ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad bilen “Talyban” wekilleriniň Owganystandaky 17 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak ugrundaky alyp barýan gepleşiklerine owgan hökümetiniň doly derejede gatnaşdyrylmagyny goldaýar diýip, Ýaranlygyň başlygy Ýens Stoltenberg Azatlyk Radiosyna maglumat berdi. Owgan hökümeti häzire çenli ABŞ-“Talyban” gepleşiklerinden çetde tutulýar. Bu hem öz gezeginde Kabulyň nägileligini döredýär. Jeňçiler owgan hökümetini “Günbataryň oýnatgasy” atlandyryp, onuň bilen... Читать дальше...

“Harajatlary ýerlikli ulanmagyň” çäginde Aşgabat şäher Halk bilim bölüminiň 'hasapçylary kemeldiler'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky edaralarda geçirilýän töwerekleýin barlaglar maliýe serişdeleriniň netijesiz ulanylmagynyň faktlaryny ýüze çykardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär. Barlagyň netijesinde Aşgabadyň şäher halk bilim bölüminiň (gorONO) bölümleriniň birini ýapmak barada degişli karar kabul edilipdir. Neşiriň maglumatyna görä, bu bölümde 28 adam işleýär we ol çagalar baglaryndan gelýän serişdeleriň hasabyny ýöretmek hem-de olara gözegçilik etmek bilen meşgullanýar. Читать дальше...

Täjik gümrükçileri baptist hristiýanlarynyň 5 müň kalendaryny otladylar

Azathabar.com 

Täjigistanyň Gümrük Gullugy Baptist kilisesi tarapyndan sargalan 5 müň sany ýewangel hristiýan kalendarlarynyň konfiskasiýa edilendigini we soňy bilen ýakylandygyny tassyklady. Gümrük resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, kalendarlar dekabrda Duşenbäniň Halkara Aeroportynda ele salnypdyr we soňy bilen-de otlanypdyr. Gümrük resmisi kalendarlarda “başga diniň propogandasynyň” bolandygyny aýtdy. Täjigistanyň ýewangel hristiýan baptistleriniň Kilisesiniň wekilleriniň beren maglumatyna görä... Читать дальше...

Aleksiýewiç: Belarusdaky mekdep hüjümine “gazaplylyk atmosferasy” sebäp boldy

Azathabar.com 

Belarusly ýazyjy we Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiýewiç geçen hepde Belarusdaky mekdepleriň birinde amala aşyrylan hüjüme ýurtdaky “gazaplylyk atmosferasy” diýip atlandyran ýagdaýlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Şol hüjümde, iki adam öldürilip, ikisi hem ýaralanypdy. Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aleksiýewiç Belarusda prezident Aleksandr Lukanşenkadan başlap, gündelik durmuşda gazaplylygyň aklanýandygyny, adam mertebesiniň depelenýändigini aýtdy. 11-nji fewralda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *