Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Новости за 19.03.2019

Türkmen jemgyýetinde ýitýän çagalar barada alada artýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde ýiten çagalar baradaky bildirişler wagtal-wagtal peýda bolýar. Çagalaryň suratlary ýerleşdirilen we habarlaşmak üçin maglumatlar görkezilen bildirişler adatça girelgelerde asylýar ýa-da poçta gapyrjaklarynyň golaýynda goýulýar. Ýiten çagalar baradaky bildirişler sosial media ulgamlarynda hem köp duş gelýär. Ilkinji nobatda Türkmenistanda meşhur bolan IMO ulgamynda. Azatlygyň Aşgabatdaky söhbetdeşleri bu problema paýtagyň köpçülikleýin ýerlerinde hem gabat gelýändigini aýdýarlar. Читать дальше...

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew duýdansyz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi

Azathabar.com 

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Merkezi Aziýa ýurdy – Gazagystany – 30 ýyla golaý wagt dolandyrandan soňra, özüniň wezipeden çekilýändigini aýtdy. “Men prezident wezipämi soňdyrmak kararyna geldim” diýip, 19-njy martda Nazarbaýew telewideniýede eden çykyşynda belledi. Ol bu baradaky kararyny, onuň edarasy möhüm Nazarbaýewiň möhüm bildiriş etjekdigini aýtmagyndan soň mälim etdi. Nazarbaýew gazak parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýewiň häzirki wagt prezident wezipesini öz üstüne aljakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Ýakutskda bir zenanyň jynsy taýdan zorlanandygy aýdylandan soň, iş ýerleri ýapyldy, gyrgyzlar daşary çykmaýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Saha-Ýakutiýa sebitinde merkezi aziýalylar tarapyndan dolandyrylýan iş ýerleriniň käbirleri ýapyldy, awtobus gatnawlary togtadyldy we regiondaky gyrgyz migrantlaryna hüjümleriň öňüni almak üçin öýden çykmazlyga çagyryş edildi. Bu waka Ýakutskyň polisiýanyň bir aýaly jynsy taýdan zorlanyň gyrgyzystanly adamdygyny yglan etmeginiň yzýany, iki gün bäri demonstrasiýalaryň geçirilýän mahalyna gabat geldi. 19-njy martda Moskwanyň 4900 kilometr gündogarynda ýerleşýän şäherde dartgynlylyk ýokary derejede bolup... Читать дальше...

Golland prokurorlary: Utrehtdäki hüjümde şübheli bilen pida bolan adamlaryň arasynda arabaglanyşyk ýok

Azathabar.com 

Utrehtdäki tramwaýda bolan ýowuz hüjüm bilen ilteşikli Türkiýede doglan şübhelini soraga çekýän golland prokurorlary häzire çenli şübheli bilen wakada pida bolanlaryň arasynda arabaglanyşyk tapmandyklaryny aýdýarlar. 19-njy martda çap edilen beýanatda prokurorlar 18-nji martda bolan hüjüme terrorçylygyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini çynlakaý gözden geçirýändiklerini aýtdylar. Muňa belli bir derejede Gokmen Tanisiň gaçan ulagynda peýda bolan bellik hatyň sebäp bolandygyny bellediler. Muňa garamazdan... Читать дальше...



Mozambikdäki sil joşgunynyň netijesinde 1000-den gowrak adamyň ölen bolmagyndan alada edilýär

Azathabar.com 

Mozambikdäki suw joşgunynda 1000-den gowrak adamyň ölen bolmagyndan alada edilýär. Afrikanyň bu garyp ýurduna mundan dört gün ozal apy-tupan gelipdi we munuň yzýany, sil joşguny emele geldi. “Bu ägirt uly möçberdäki hakyky betbagtçylyk” diýip, prezident Filip Nýusi 18-nji martda aýtdy. 14-nji martda Idaý apy-tupanyndan iň köp Beýra şäheri ejir çekdi. Şonda ýel we duýdansyz gelen sil Hindi okeanynyň kenarynda ýerleşýän 530 müň ilatly port şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryny we ýollary goparyp alyp gitdi. Читать дальше...

Aşgabatda öýsüz jandarlary ýene zäherleýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň köçe süpüriji işgärleri Aşgabadyň etrapçalaryna kilka balygynyň we şöhlat önümleriniň zäherlenen bölejiklerini oklap, öýsüz jandarlary zäherleýärler we tutýarlar.

Fransuz goranmak ministri ABŞ-nyň NATO guramasyna ygrarlylygyny sorag astyna alýar

Azathabar.com 

Fransuz goranmak ministri Birleşen Ştatlaryň NATO guramasynyň öňünde uzak möhletleýin ygrarlylygy boýunça aladalaryny beýan edip, ýaranlyga wepalylygyň “şertsiz” bolmalydygyny aýtdy. 18-nji martda Waşingtonda geçirilen Atlantik Geňeşiniň duşuşygynda Florens Parli şeýle diýdi: “Ýewropalylaryň näme barada alada edýändigi şundan ybarat: Birleşen Ştatlaryň NATO-nyň öňündäki borçnamalary hemişelik bolarmy?”. “Biz ähli zat soňky 70 ýylyň dowamynda bolşy ýaly bolar diýip çaklamalymy?” diýip, Parli Siriýa barada geçirilen gepleşikleriň öňýanynda... Читать дальше...

Russiýanyň tanymal kinorežissýory Marlen Husiýew 94 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Rus kinorežissýory Marlen Husiýew 94 ýaşynda aradan çykdy. Russiýanyň Kinomotografistler birleşigi Husiýewiň 19-njy martda irden Moskwanyň klinikasynda aýatdan ötendigini mälim etdi. Husiýew Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside doglupdy we 1952-nji ýylda Moskwanyň tanymal WGIK kino mekdebini tamamlapdy. Onuň üstünlikli bolan “Zareçnaýa köçesinde bahar” atly ilkinji filmi 1956-njy ýylda meşhurlyga eýe bolupdy. Filme 30 milliondan gowrak adam tomaşa edip, ol Sowet Soýuzynyň taryhynda iň meşhur filmleriň biri boldy. Читать дальше...

Utrehtdäki hüjüm bilen ilteşikli bir şübheli we başga-da iki adam tussag edildi

Azathabar.com 

Gollandiýanyň Utreht şäherinde ýaragly hüjümçi tramwaýda ot açyp, üç adamy öldürmeginiň we başga-da bäş sanysyny ýaralamagynyň yzýany, bir adam tussag edildi diýip, resmiler aýdýarlar. Polisiýa şübheliniň 18-nji martda tussaghana alnyp gidilendigini aýtdy. Bu wakadan soňra golland mediasy bu hüjüm bilen ilteşikli başga-da iki adamyň tussaghana alnyp gidilendigini habar berdi. Ýöne olaryň tussag edilmeginiň sebäpleri ýa-da olaryň waka bilen ilteşigi häzirlikçe nämälim bolup galýar. Resmiler... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *