Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Новости за 30.03.2019

Owganystana gelen sil onlarça adamy öldürdi, ekin meýdanlaryny basdy

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazyk we günbatar welaýatlaryna 29-njy martda gelen sil netijesinde azyndan 35 adam öldi we käbirleri şindi hem tapylmaýar. Sil ýüzlerçe jaýy, käbir taryhy ýerleri weýran etdi, müňlerçe gektar ekerançylyk ýeri, köprüler, uly ýollar suw astynda galdy. Roýters.

“Talyban” jeňçileri Arghanj Khaw etrabynyň merkezini öz kontrolyna geçirdi

Azathabar.com 

“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda, iki güne çeken gazaply söweşden soň, Arghanj Khaw etrabynyň merkezini öz kontrollygyna geçirdi diýip, resmiler 30-njy martda aýtdy.  Söweş wagtynda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 12 agzasy öldürildi, bäşisi bolsa ýaralandy diýip, ýerli resmiler habar berdi. Ýerli gubernatoryň sözçüsi Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna Arghanj Khaw etrabyndaky söweş dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de ol talyban söweşijileriniň bir toparynyň öldürilendigini... Читать дальше...

German polisiýasy terrorda güman edilýän 10 adamy tussag etdi

Azathabar.com 

German polisiýasy ýurduň günbatarynda terror hüjümini planlaşdyrmakda güman edilýän 10 adamyň tussag edilendigini aýdýar. Dusseldorf prokuraturasynyň sözçüsi 30-njy martda häkimiýetleriň tutulan adamlar bilen “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň arasynda haýsydyr bir baglanyşygyň bolup-bolmandygyny anyklamaga çalyşýandyklaryny aýtdy. "Biz munuň YD-nyň bölünen topary ýa-da duýgudaşlary bolmak ähtimallaryny çaklaýarys” diýip, ol aýtdy.Güman edilýänler soňky iki günüň dowamynda Essen, Duesseldorf... Читать дальше...

Tramp Wenezuela hakynda rus, hytaý prezidentleri bilen gürleşjegini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Wenezueladaky ýagdaý hakynda “belki-de” rus prezidenti Wladimir Putin we hytaý prezidenti Si Jinping bilen gürleşjekdigini aýtdy, Waşington bu meselede Moskwa hem-de Pekine gapma-garşy tarapda durýar. “Biz haýsam bolsa bir pursatda gürleşeris öýdýärin” diýip, Tramp 29-njy martda žurnalistlere aýtdy. “Men kän adam bilen gürleşerin, belki-de, prezident Putin, ähtimal Hytaýyň prezidenti bilen hem gürleşerin” diýip, Tramp aýtdy. Bu sözler Waşingtonyň Orsýeti... Читать дальше...

Ermeni-Azerbaýjan sammiti “oňyn” we “gurujy” diýlip häsiýetlendirildi

Azathabar.com 

Ermenistan we Azerbaýjan öz liderleriniň soňky duşuşygyny “oňyn” we “gurujy” diýip häsiýetlendirdi. Olaryň bu duşuşykda Dagly-Garabag konflikt zonasynda ýaraşygy pugtlandyrmak we dialogy dowam etdirmek hakynda ylalaşyga gelendigi habar berilýär. "Duşuşyk pozitiw we konstruktiw ýagdaýda geçdi we iki lidere özleriniň pozisiýalaryny aýdyňlaşdyrmak mümkinçiligini berdi” diýip, iki ýurduň daşary işler ministrleri 29-njy martda, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Azerbaýajanyň prezidenti... Читать дальше...

Owganystandaky silde 14 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystana gelen silde azyndan 14 adam heläk boldy. Resmiler Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna günbatardaky Hyrat welaýatynda sil netijesinde 9 adamyň ölendigini, ýurduň demirgazyk-günbatarynda bolsa silden 5 adamyň ölendigini aýtdylar. Ýerli we BMG resmileriniň maglumatlaryna görä, soňky gelen suw joşmalary mahalynda ýurtda onlarça adam öldi. Müňlerçe jaýa zyýan ýetdi we köp jaý agyr ýagyşdan soň gelen sil netijesinde weýran boldy.

Hytaý Gazagystana Sinjiaňda musulmanlary basyp ýatyrmakda beren “goldawy” üçin sag bol aýdýar

Azathabar.com 

Hytaý Gazagystana özüniň ýurduň uzak günbataryndaky durnuksyz sebit bolan Sinjiaňda görýän basyp ýatyryş çärelerine berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy. Pekin bu sebitde ýerli etniki azlyklaryň, şol sanda gazaklaryň hukuklaryny basgylamakda aýyplanylýar. Hytaý soňky döwürde uýgurlary, gazaklary we beýleki musulman toparlaryny Sinjiaňda gurlan tussaghanalarda mejbury saklamakda tankyt edilýär. BMG paneliniň ekspertleriniň geçen ýyl çap eden hasabatynda 1 million çemesi diýlip hasaplanylýan hytaýly... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *