Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Новости за 21.03.2019

Türkmenistanyň daşyna çykmak boýunça 'ýardamçylaryň' hyzmaty gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň daşyna köpçülikleýin migrasiýasynyň fonunda häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegine päsgelçilik döredýärler.  Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň, şol sanda adynyň azgalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolýan resmileriniň sözlerine görä, bu ýagdaýda ýurduň daşyna çykmak isleýän raýatlar dürli ýollary gözlemäge mejbur bolýarlar. Iň ýörgünli usullaryň biri para bolup durýar we onuň möçberi öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetip, biletiň bahasyndan ençeme esse gymmada durýar. Читать дальше...

Kabuldaky partlamalarda azyndan alty adam öldi

Azathabar.com 

Kabulda şaýy ybadathanasynyň golaýynda ýüze çykan partlamalarda azyndan alty adam öldi, başga-da 23-isi ýaralandy. Bu barada Owganystanyň Saglyk ministrligi maglumat berýär.

Pakistanly okuwçy mugallymyny öldürmekde aýyplanýar

Azathabar.com 

Pakistanly okuwçy bir mugallymyň hem oglanlaryň, hem-de gyzlaryň gatnaşmagyndaky dabaraly çäräni gurnamakçy bolandygy üçin, ony pyçaklap öldürdi. Hateeb Hussain atly okuwçy hadysanyň ýüze çykan ýerinde beýleki okuwçylar tarapyndan ele salyndy. Polisiýa Hussaine adam öldürmek aýyplamasynyň bildiriljekdigini mälim etdi. Pakistanyň gündogaryndaky Bahawalpur şäheriniň kollejleriniň birinde iňlis dili mugallymy bolup işlän Halid Hameediň öz okuwçylary üçin gutardyş dabarasyny gurnan pursady, Hussain gelip, hanjar bilen ony pyçaklap başlaýar. Читать дальше...

Krymda Ýegowa Şaýatlarynyň agzalary tussaghana ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Krymda Russiýa tarapyndan häkimiýet başyna goýlan resmiler Ýegowa Şaýatlary dini akymynyň birnäçe agzasyny tussaghana ýerleşdirdiler. Maglumata görä, okkupirlenen Krymyň Ýalta we Alupka sebitlerinde resmiler öýleri döküp, toparyň alty agzasyny soraga äkidipdirler. Topar tussag edilenleriň birini 34 ýaşly Artýom Gerasimow diýip tanyşdyrdy. Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) regional býurosy 34 ýaşly erkek kişiniň tussaghana ýerleşdirilendigini tassyklady, emma başga goşmaça maglumat bermedi. Читать дальше...

Türkmenistanda 2 müň 28 bendiniň günäsi geçildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilen 2 müň 28  bendiniň günäsini geçdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli permana çarşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi. Türkmen lideriniň 20-nji martda gol goýan dokumentine laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Şol bir wagtda, azatlyga çykýanlaryň arasynda halkara... Читать дальше...

Hukuk toparlary täjik aktiwistiň dessine azat edilmegine çagyrýarlar

Azathabar.com 

“Human Rights Watch” we adam hukuklaryna gözegçilik edýän başga-da sekiz gurama täjik hökümetine ýüzlenip, tussaglykda gynamalara sezewar edilýändigi aýdylýan ýarawsyz syýasy aktiwisti dessine azatlyga goýbermäge çagyrdylar. Muhammadali Haýidiň aýaly 9-njy martda tussaglykdaky adamsyny görmäge baranda, Haýit “kellesindäki we garnyndaky ýaralary” görkezipdir. Maglumata görä, Haýit “kameranyň öňünde daşary ýurtdaky täjik oppozisiýa wekillerini garalamakdan ýüz öwüreninden soň, türme sakçylary ony ýenjip jezalandyrypdyrlar”. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *