Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Новости за 03.06.2019

Aşgabatda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary uzaldylmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary almakdaky we täzelemekdäki kynçylyklary dowam edýär.  Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hususan-da paýtagtda polisiýa aýallara sürüjilik dokumentini bermekden gönüden ýüz öwürýär.  - Aýallaryň sürüjilik dokumentleriniň möhleti gutaranda olara polisiýada täze dokument bermän "aýallara bermeýäris" diýip açyk aýdýarlar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, şeýle-de paýtagtda aýallaryň bar bolan... Читать дальше...

Anna güni Türkmenistanda iki sagatlap Internet kesildi

Azathabar.com 

31-nji maýda öýlän tutuş Türkmenistanda iki sagatlap Internet kesildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 3-nji iýunda habar berdi.

Tramp Britaniýa sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýa üç günlük döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak baradaky planlarynyň gijikdirilen we premýer-ministr Tereza Maýyň wezipesinden çekilmek baradaky kararyny yglan eden döwrüne gabat geldi. Tramp saparynyň dowamynda Maý bilen hem duşuşyk geçirer.

Nur-Soltanda aýallar ýeňillikleri sorap protest geçirdiler

Azathabar.com 

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda onlarça aýal sosýal tölegleriň artdyrylmagyny we kommunal tölegleriň azaldylmagyny sorap, prezident köşgüniň öňünde ýöriş geçirdiler. Bu irki prezidentlik saýlawlaryna bir hepde çemesi wagt galan pursadyna gabat geldi. Protestçiler hökümetiň köp çagaly maşgalalary we perzentlerini ýeke ýetişdirýän eneleri maliýe taýdan goldamak, şeýle-de jaý bilen üpjün etmek baradaky beren wadalarynda tapylmagyny talap etdiler. Demonstrantlar “Çagalarymyzy jaý bilen üpjün ediň!”... Читать дальше...

Twitter Hytaý bilen baglylykdaky tankydy hasaplary togtadandygy üçin ötünç sorady

Azathabar.com 

Twitter Hytaý bilen baglylykdaky tankydy hasaplary togtadandygy üçin ötünç sorady. Bu Pekiniň Tiananmen meýdançasyndaky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň 30-njy ýyl dönüminiň öňýanynda bolup geçdi. Twitter ulanyjylary sosial ulgamynyň bu hereketine nägilelik bildirdiler. ABŞ-nyň senatory Marko Rubio Twitteriň “Hytaýyň [hökümetiniň] senzurasyna öwrülendigini” aýdyp, twit galdyrdy. Twitter “belli bir möçberdäki hasaplaryň” “platfoma manipulýasiýalaryna” baş goşýan hasaplary nyşana almak... Читать дальше...

Hytaýyň “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” barada maglumatlary beren Gazagystany terk etdi

Azathabar.com 

Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitindäki “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” barada maglumatlary beren, asly hytaýly etniki gazak Saýragül Sauýtbaý, gazak resmileriniň oňa gaçybatalga bermekden ýüz öwürmeginden soň, Gazagystany terk etdi. Saýragül Sauýtbaýyň aklawçysynyň Facebook hasabynda galdyran ýazgysyna görä, onuň müşderisi 3-nji iýunda aýdyňlaşdyrylmadyk başga bir ýurda gidipdir. Aklawçy munuň “dünýäniň iň ösen döwletleriniň biridigini” aýdýar. Sauýtbaý Gazagystandan syýasy gaçybatalga almak ugrunda tagalla edipdi. Читать дальше...

Demirgazyk Koreýada sürgün edilendigi aýdylýan resminiň köpçüligiň öňüne çykandygy öňe sürülýär

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasy ýurduň lideri Kim Jong Unuň ýokary derejeli kömekçisi Kim Jong Çoluň jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolandygy barada habar berdi. Mundan öň, Günorta Koreýanyň habar serişdeleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçirilen sammitiň şowsuz tamamlanmagy sebäpli, onuň zähmet lagerine sürgün edilendigi barada maglumat beripdi. Kim Jong Çol fewralda Wýetnamda geçirilen sammitde Kim Jong Unuň esasy araçysy bolupdy. Şol sammitiň netijeleri boýunça hiç hili ylalaşyk baglaşylmandy. Читать дальше...

Katar Eýran boýunça geçirilen regional sammitiň netijelerini ret edýär

Azathabar.com 

Katar Saud Arabystanynda Eýran bilen barha artýan regional dartgynlylyklar bilen baglylykda geçirilen adatdan daşary sammitiň netijelerini ret etdi. Saud Arabystany gepleşikleri geçen dynç günleri mukaddes Mekge şäherinde geçirdi. Onuň dowamynda şa Salman Tährany global energiýa üpjünçilerine wehim salýan “terroristik hereketleri” amala aşyrmakda aýyplady. Riýadh Tährany Birleşen Arap Emirlikleriniň kenar ýakalarynda gämilerini sobotaž etmekde, şeýle-de Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *