Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Новости за 19.06.2019

Magtymguly etraby toýa taýýarlanýar we prezidente garaşýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby baýramçylyk taýýarlygyny görýär we prezidentiň gelmegine garaşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ýerli çeşmeleriň habar bermegine görä, soňky birnäçe güňüň dowamynda bu ýerde hem abadanlaşdyryş işleri, hem-de howpsuzlyk çäreleri giňden alnyp barylýar.  "Magtymguly etrabynda häzir ala-gopgun. Bar zady bejerýärler, reňkleýärler we arassalaýarlar. Ýerli ýaşaýjylara, ilkinji nobatda-da döwlet edaralarynyň işgärlerine regiondan gitmegi gadagan etdiler, hemmesi her gün ýowarda. Читать дальше...

Dagystanda žurnalist deslapky tussaghana höküm edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky Dagystan respublikasynyň sudy garaşsyz neşir üçin işlän bir žurnalisti, terrorizmi maliýeleşdirmek aýyplamalary esasynda, deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Neşiriň redaktory bu aýyplamalary “bolgusyz” diýip atlandyrdy. Mahaçkalanyň sudy Abdulmumin Gajiýewi iki aý deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Gajiýewiň aklawçysy öz müşderisiniň sud diňlenişiginde bildirilýän aýyplamalary inkär edendigini aýtdy. Garaşsyz “Çernowik”... Читать дальше...

Moldowanyň ministri täze koalisiýanyň ykdysady meseleler babatynda jebisdigini aýdýar

Azathabar.com 

Moldowanyň täze hökümet koalisiýasy ýurduň daşary gatnaşyklar babatyndaky garaýyşlaryndan has köp ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak we korrupsiýa garşy göreşmek hyjuwlary bilen jebisdir diýip, ýurudň baş diplomaty belledi. Emma, ýurduň ýakyn taryhynyň görkezişi ýaly ýurduň parlamentindäki köplük koalisiýasynyň uzak möhlet durjakdygyna kepil geçmeýär diýip, daşary işler minsitri Niçu Popseçu (Nicu Popsecu) Waşingtonda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. 8-nji iýunda Moldowanyň Ýewropa ýykgyn edýän ACUM... Читать дальше...

Pentagon Kiýewe has köp hemaýat berýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Goranmak departamenti Ukrainanyň harby mümkinçiliklerini artdyrmak çäreleri üçin 250 million dollar çykarjakdygyny mälim etdi. Ukraina häzir özüniň gündogar sebitlerinde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýär. Pentagonyň ýaýradan beýanatyna görä, goşmaça ýaraglar we türgenleşik bilen Ukrainanyň deňiz we gury ýer güýçlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Russiýa separatistleri “çynlakaý serişdeler”, şol sanda 450 tank we 700 agyr serişdeler bilen goldaýar diýip... Читать дальше...

ABŞ Ýakyn Gündogardaky güýçlerini artdyrýar

Azathabar.com 

ABŞ Eýran bilen konflikti islemeýändigini, şeýle-de özüniň Ýakyn Gündogardaky harby güýçlerini artdyrmak çäreleriniň Birleşen Ştatlaryň regiondaky bähbitlerini goramaga we Eýranyň “aggressiýasyny” gowşatmaga gönükdirilendigini aýdýar. Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) bu baradaky çykyşy Waşington bilen Eýranyň arasynda harby çaknyşygyň turmak ähtimallygy baradaky aladalaryň fonuna gabat geldi. Mundan öň, Pentagon Eýran güýçleriniň “duşmançylykly hereketlerine” jogap edip, sebite goşmaça müň esgerini ýollaýandygyny mälim edipdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *