Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Новости за 10.06.2019

Türkmenistanlylara tatuirowkanyň ölüm howpy duýduryldy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda tatu çekýän ussalaryň yzarlanýandygy barada habar bereninden bir hepde soň, hökümetçi “ArzuwNews” neşiri tatuirowkanyň zyýanlary barada makala çap etdi. Bu makala 7-nji iýunda neşiriň websaýtynda ýerleşdirildi.

Azatlygyň habaryndan soň, Aşgabatda süýjükeselli näsaglaryň insulin elýeterliligi kadalaşdy

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dermanhanalarynda insulin lukmanlaryň näsaglara ýazyp berýän reseptinde görkezilýän möçberde berlip başlandy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, şu günler insulini paýtagtyň käbir dermanhanalarynda, şol sanda Alyşir Nowaýy köçesindäki dermanhanada alyp bolýar.  "Şu gün meniň tanşym özüniň maýyp bolan dogany üçin insulin aldy. Bu ir hem däldi. Hiç bir problema bolmady. Üç ampula ýazyp berlen bolsa, üçüsini-de eline berdiler" diýip, habarçymyz 10-njy iýunda aýtdy. Читать дальше...

Gürjüstandan bölünen Günorta Osetiýada parlament ‘saýlawlary’ geçdi

Azathabar.com 

Gürjüstanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionynda kanun çykaryjy organyna saýlawlar geçirildi. Öz-özüni Günorta Osetiýanyň prezidenti diýip yglan eden Anatoliý Bibilow ses berijilere ýüzlenip “dogry karary” kabul etmäge çagyrdy. Sebitde işsizligiň we garyplygyň ýokary derejeleri saklanyp galýar. 34 orunlyk milli parlament diýlip atlandyrylýan gurluşa umumy hasapda 98 kandidat dalaşgärlik etdi. Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi ses berilişigi ýazgardy. Ol Günorta Osetiýadaky... Читать дальше...

Rus gazetleri Golunowyň tussag edilmegini sorag astyna alyp beýanat ýaýratdylar

Azathabar.com 

Russiýanyň öňdebaryjy üç gazeti özleriniň baş sahypasynda derňewçi žurnalist Iwan Golunowyň tussag edilmeginiň arkasynda duran mümkin sebäpleri sorag astyna alyp birmeňzeş beýanaty ýerleşdirdi. Wedomosti, Kommersant we RBK neşirleriniň baş redaktorlarynyň bilelikdäki beýanaty gazetleriň 10-njy iýunda çykan sanynda çap edildi. Onda žurnalistiň tussag edilmeginiň sebäplerini derňemäge hem çagyryş edilýär. “Biz Iwan Golunowyň günälidigi barada hödürlenen delilleriň ynam döretmeýändigine ynanýarys. Читать дальше...

Germaniýanyň daşary işler ministri Tährana sapar edýär

Azathabar.com 

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Mass 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmagyň ugurlaryny maslahat etmek üçin, eýran resmileri bilen duşuşýar. Maasyň Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we prezident Hassan Rohani bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Maas saparynyň öňüsyrasynda gepleşikleriň üsti bilen ylalaşygy saklap galmak boýunça “konstruktiw ýollaryň” tapyljakdygyna umyt bildirdi. Zarif munuň bilen... Читать дальше...

Owganystanyň futbol boýunça milli federasiýanyň ozalky başlygyny tussag etmek barada buýruk çykaryldy

Azathabar.com 

Owganystanda ýurduň futbol boýunça milli federasiýanyň ozalky başlygyny, ýyllar boýy aýal oýunçylary jynsy zorluga sezewar edendigi baradaky aýyplamalaryň esasynda, tussag etmek baradaky buýruk haty çykaryldy. Içeri işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, Keramuddin Karimini tussag etmek baradaky buýruk 9-njy iýunda çykarylypdyr. Kariminiň ýerleşýän ýeri häzirlikçe belli däl. Mundan bir gün öň, dünýä boýunça futbola gözegçilik edýän gurama Karimä garşy ömürlik gadagançylyk girizipdi. ... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *