Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Новости за 14.01.2020

Aşgabadyň mekdeplerinde ‘mobil telefon gadagançylygy’ güýçlendi

Azathabar.com 

Aşgabadyň mekdeplerinde mobil telefonlaryň getirilmegini we ulanylmagyny çäklendirýän gadagançylyk täzeden güýçlendi. Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl bu gadagançylygy berjaý etmek diňe okuwçylardan däl, eýse mekdep mugallymlaryndan hem talap edilýär.

Berdimuhamedow suwdan peýdalanmagyň "çäklendirilen möçberlerini" tassyklady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklady. Resmi maglumata görä, bu Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen kabul edilipdir.   Şol bir wagtda, suwuň “çäklendirilen möçberiniň” mukdary barada hiç hili maglumat berilmeýär. Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp... Читать дальше...

Rohani ukrain uçarynyň urulmagyny derňejek ýörite sudy esaslandyrmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, ýurtdaky dowam edýän ýiti protestleriň fonunda, ukrain uçarynyň urlup ýykylmagyny derňejek ýörite suduň esaslandyrylmagyna çagyrdy. Eýranyň harbylary 8-nji ýanwarda Ukrainanyň uçaryny urup düşürendigini boýun aldylar. Uçaryň bortundaky ähli 176 adam öldi. Olaryň aglabasy eýran we kanada raýatlarydy. Bu “bagyşlanyp bolmajak ýalňyşa” jogapkärleriň ählisi “jezalandyrylmalydyr” diýip, Rohani 14-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda aýtdy. Bu aralykda, Eýranda... Читать дальше...

Russiýa Haftaryň liwiýa parahatçylyk ylalaşygyna gol goýmandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne ýolbaşçylyk edýän general Khalifa Haftar bu Demirgazyk Afrika döwletinde ençeme aý bäri dowam edýän ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyga gol goýman, Moswany terk etdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi 14-nji ýanwarda maglumat berdi. Mundan bir gün öň, Haftar şeýle-de Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň ýolbaşçysy Faýez al-Sarraj rus paýtagtynda parahatçylyk gepleşiklerini geçiripdiler. Iki bäsdeş lider ýüzbe-ýüz duşuşmady. Читать дальше...

Hasabat: Rus hakerleri impiçment derňewi bilen ilteşikli ukrain energiýa firmasyny nyşana aldy

Azathabar.com 

Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň, ýagny GRU-nyň hakerleriniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň impiçment prosessi bilen ilteşikli ukrain energiýa firmasyny nyşana alandyklary aýdylýar. Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän “Area 1 Security” kompaniýasynyň kiberhowpsuzlyk boýunça ekspertleriniň 13-nji ýanwarda ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, hakerler Burisma Holdings firmasynyň işgärleriniň emeýl maglumatlaryny ele geçiripdirler. Şol bir wagtda, haýsy maglumatlaryň ogurlanyp-ogurlanmandygy, şeýle-de hakerleriň anyk maksady aýdyň däl. Читать дальше...

Trudeau dartgynlylyklar bolmadyk bolsady, uçar pidalarynyň diri boljakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau eger-de eýran sebitinde ýagdaýlar dartgynly bolmadyk bolsady, onda urlup ýykylan PS752 uçarynyň bortundaky kanadalylaryň diri boljakdygyny aýtdy. “Eger-de dartgynlylyklar bolmadyk bolsady, eger-de sebitdäki ýagdaýlar ýitileşmedik bolsady, şol kanadalylar häzir öýlerinde maşgalalary bilen bolardylar” diýip, Trudeau 13-nji ýanwarda Kanadanyň Global News TV kanalyna beren interwýusynda aýtdy. Eýranyň harbylary 8-nji ýanwarda Ukrainanyň uçaryny urup düşürendigini boýun aldy. Читать дальше...

Owganystanyň demirgazygynda bomba partlamasynda iki çaga öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-e-Şarif şäherinde iki bombanyň partlamagy netijesinde iki çaga öldi, başga-da azyndan sekiz adam ýaralandy. Balh welaýatynyň polisiýa başlygynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, partlamalar 14-nji ýanwarda  welaýatyň paýtagtyna barýan ýoluň ugrunda ýüze çykypdyr. Partlamada ölen çagalar 14 we 10 ýaşyndady. Ýaralananlaryň arasynda parahat ilatdan adamlar, şeýle-de owgan howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri bar. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *