Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Новости за 25.01.2020

Hepdäniň jemi #4 (25.01.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky ‘ýer reformasy’ we daýhanlaryň ýer almakdan çekinmeginiň sebäpleri, erkek milliarderleriň köpelýän wagtynda aýal-gyzlaryň gerdenine düşýän agyr ýük, owgan türkmenleriniň arap hatynda elipbiý döretmek meselesindäki oňuşmazlygy barada geçiren söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Kreml Putiniň baş kömekçisi Surkowyň işden çekilendigini ret edýär

Azathabar.com 

Kreml prezident Wladimir Putiniň esasy we uzak wagtlyk kömekçileriniň biriniň işden çekilendigi baradaky habarlary ret etdi. Wladislaw Surkowyň işden çekilendigini onuň bir kömekçisi we Moskwanyň Syýasy barlaglar merkeziniň direktory Alekseý Çesnakow habar berdi. Çesnakow 25-nji ýanwarda twitterde Surkow “Ukraina babatdaky ugruň üýtgeýändigi sebäpli” işden çekilýär diýdi.  Emma muňa garamazdan, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow häzirlikçe Surkowyň işden çekilýändigi hakynda karar ýok diýdi. Şeýle-de... Читать дальше...

Türkiýede ýer yrandy, azyndan 21 adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy

Azathabar.com 

Türkiýäniň gündogaryndaky Elazig welaýatynda güýçli ýer yranmasy bolup, jaýlaryň ýykylmagyna we azyndan 21 adamyň ölmegine sebäp boldy, müňden gowrak adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Agşam sagat 9-yň öňüsyrasynda duýlan ýer sarsgynyň güýji Rihter ölçegi boýunça 6.8 bolup, onuň ojagy Siwriçe şäheriniň golaýynda diýip, hökümete degişli adatdan daşary ýagdaýlar agentligi 24-nji ýanwarda aýtdy. Şondan soň hem birnäçe sarsgyn boldy. Siwriçe paýtagt Ankaradan 750 km çemesi uzaklykda ýerleşýär. Читать дальше...

Hytaý wirusy möwjeýär, Fransiýa, Awstraliýa ilkinji 'hassalaryny' ýüze çykardy

Azathabar.com 

Hytaýyň Wuhan koronawirusyndan ölenleriň we onuň ýokuşan adamlarynyň sany kesgin ýokarlanýar we şu aralykda Fransiýa, Awstraliýa ýaly giň ýaýrawly ýurtlar bu täze wirusa ýolugan ilkinji näsaglary barada habar berdiler. Emele gelen ýagdaý dünýä ýurtlarynyň häkimiýetleriniň bu epidemiýanyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.  Hytaý 25-nji ýanwarda bu wirusdan azyndan 41 adamyň ölendigini, ýurduň 29 welaýatynda azyndan 1287 adamyň bu derde ýolugandygyny habar berdi. Şol bir wagtda... Читать дальше...

Lukaşenka Moskwany Belarusy özüne birikdirmek üçin basyş görkezmekde aýyplaýar

Azathabar.com 

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka Moskwany öz ýurduny Orsýete birikdirmek üçin basyş görkezmekde aýyplady we özüniň muňa hiç wagt ýol bermejekdigini aýtdy.  Lukaşenka 24-nji ýanwarda Belarusyň günortasyndaky kagyz zawodynyň işçileriniň öňünde çykyp gürlände, ýurduň esasy arzan nebit-gazynyň üpjünçisi bolan Orsýeti tankytlap, Kremli Minskiniň nebite garaşlylygyny ulanyp, ony Orsýete “birigmäge" mejbur etjek bolmakda ýazgardy.  “Biziň öz ýurdumyz bar, biz özbaşdak we garaşsyz ýurt. Biz öz... Читать дальше...

Özbek prezidenti 50 müň adama raýatlyk wadasyny berýär, sowetleriň 'propiska' çäklendirmesini ýatyrmagy teklip edýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew merkezi aziýa ýurduna 1995-nji ýyldan öň göçüp gelen we şu wagta çenli bu ýerde ýaşaýan adamlara raýatlyk bermek wadasyny berdi. Mirziýoýew 24-nji ýanwarda parlamentde eden çykyşynda bu çäräniň Özbegistanda ýaşaýan 50 müň çemesi adamyň raýatlyk meselesini çözjekdigini aýtdy. Ol bu meseläni öwrenmegi we 1-nji maýa çenli onuň kanuny esaslaryny taýýarlamagy tabşyrdy.  Şeýle-de ol ýurduň içerki migrasiýa düzgünlerini liberallaşdyrmak, sowet döwründen bäri gelýän çäklendirmeleri aradan aýryp... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *