Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Новости за 18.01.2020

Demirgazyk Owganystan: Jaý tapman, mazarystanda 'jaýlaşan' türkmen enesi

Azathabar.com 

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Owganystanyň Balh welaýatyndan Mazaryşerif şäherine gaçyp baryp, durmuş-ykdysady şertleriň agyrlygy sebäpli mazarystanda ýaşamaga mejbur bolan bir etniki türkmen maşgalasynyň Azatlykda çap edilen wideosy barada gürrüň edilýär.

Hepdäniň jemi #3 (18.01.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Konstitusiýa düzediş girizmek we ýurtdaky syýasy ulgamy üýtgetmek, sosial goraglylygy berkitmek babatda görýän çäreleri we bu ýagdaýyň Türkmenistana etjek täsiri, Owganystanda özbek we türkmen dilleriniň ösdürilişi, kynçylyklar baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Maryda, Lebapda mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär

Azathabar.com 

18-nji ýanwarda Marynyň kommunal hojalyk gullugynyň işgärleriniň uly bölegi irden sagat 07:30-den aeroportuň töwereginde arassaçylyk işlerini geçirmäge çykaryldy. “[Kommunal hojalyk gullugynyň] işgärleri aeroportuň töwereginde we ondan uzap gaýdýan ‘Obýezdnoý’ ýolundan tä ‘Şatlyk’ aýlawyna çenli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Olar guran otlary çapdylar, ýoluň boýundaky atyzlary agdardylar, dyrmaladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi. Bu aralykda, mejbury arassaçylyk işleri Lebapda hem geçirilýär. Читать дальше...

Tramp Hameneýini ýaňsa aldy, Tährany ‘Eýrany Ýene-de Beýik Etmäge’ çagyrdy

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ‘masgarabaz’ diýip atlandyranyndan soňra, Tramp özüniň Twitter hasabynda Hameneýe ‘sözlerine juda seresaply’ bolmagy duýdurdy. “Bu Eýranyň ‘Ýokary Lider’ diýilýäni, ol soňky döwür onçakly Ýokary hem däl, Birleşen Ştatlara we Ýewropa garşy käbir ýaramaz zatlary aýtdy” diýip, Tramp 17-nji ýanwarda Twitterde ýazgy galdyrdy. “Olaryň ykdysadyýeti çökýär we adamlary ejir çekär. Ol öz sözlerine juda seresaply bolmalydyr” diýip, Tramp belledi. Читать дальше...

Belgradda protestçiler howanyň hapalanmagyna garşy demonstrasiýa geçirdiler

Azathabar.com 

Belgradda protestçiler köçelere çykyp serb hökümetini bu günbatar balkan döwletiniň ilatyny howanyň hapalanmagyndan we bu zerarly dörän goýy tüsseden “goramak” üçin çäreleri görmäge çagyrdylar. 17-nji ýanwarda paýtagtyň merkezinde geçirilen demonstrasiýa gatnaşan protestçileriň ýüzünde medisina maskalary bardy. Serbiýanyň, şol sanda goňşy Bosniýa-Herzegowinanyň, Kosowanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň köp şäherlerini adaty derejesinden has ýokary goýy duman gurşap aldy. Bu dünýäniň iň hapalanan şäherleri hasaplanýan ... Читать дальше...

Kanada uçar heläkçiliginde ýogalan raýatlarynyň maşgalalaryna maliýe hemaýatyny berýär

Azathabar.com 

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau geçen hepde Eýranda urlup ýykylan ukrain uçarynda heläk bolan Kanadanyň 57 raýatynyň, şeýle-de bu ýurtda hemişelik ýaşamaga rugsady bolan 29 raýatynyň maşgalalaryna öz hökümetiniň maliýe hemaýatyny berjekdigini aýtdy. Trudeau 17-nji ýanwarda eden çykyşynda Kanada bilen bagly pidalaryň maşgalalaryna 25 müň kanada dollarynyň, ýagny 19 müň 122 ABŞ dollarynyň beriljekdigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol Eýranyň hem kompensasiýa tölemegine garaşýandygyny aýtdy.... Читать дальше...

ABŞ, “Talyban” Katarda gepleşikleri geçirýär

Azathabar.com 

Katara ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Ştatlaryň topary “Talybanyň” wekilleri bilen tertip ikinji gün gepleşikleri geçirdi. “Gepleşik toparlarynyň ikisi-de hem düýn, hem-de şu gün netijeli gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler ýene-de birnäçe gün dowam eder. Biz olaryň jemleri boýunça maglumatlary ýetireris” diýip, “Talyban” toparynyň metbugat wekili Suhail Şahin 17-nji ýanwarda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Şahin gepleşikleriň “peýdaly” bolandygyny aýdyp... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *