Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Новости за 15.07.2020

Maryda MHM polisiýa işgärleriniň mobil telefonlaryny barlaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri polisiýa işgärleriniň el telefonlaryny barlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli kanun goraýjy işgäriň sözlerine salgylanyp, 15-nji iýulda habar berdi.

Tramp Hytaýa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan kanuna gol goýdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Pekiniň Hong Konguň awtonomiýasyna goşulmagyna jogap edip, Hytaýa garşy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan karara gol goýdy. 14-nji iýulda Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp Hong Kong bilen alnyp barlan artykmaçlyk söwda gatnaşyklarynyň togtadylýandygyny mälim etdi. “Hong Konga indi Hytaý ýaly çemeleşiler. Aýratyn artykmaçlyklar, ýörite ykdysady gatnaşyklar we möhüm tehnologiýalaryň eksporty bolmaz” diýip, Tramp aýtdy. Tramp Hong Konguň Awtonomiýa Aktyna hem gol goýandygyny aýtdy. Читать дальше...

Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklarynyň üçünji gününde ýedi esger öldi

Azathabar.com 

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň serhet çäginde ýüze çykan çaknyşyklaryň üçünji gününde, ýagny 14-nji iýulda ýedi azeri harby gullukçysy, şol sanda bir general we dört ermeni esgeri öldi. Çaknyşyklarda agyr artilleriýa toplary hem atyldy. Halkara jemgyýetçiligi taraplara ýowuzlygy dessine azaltmak barada çagyryş etdiler. Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar. Iki ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan... Читать дальше...

Belarusda Lukaşenkanyň esasy bäsdeşi hasaba alynmady, protestler döredi

Azathabar.com 

Belarusda öňümizdäki aýda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky prezident Aleksandr Lukaşenkanyň esasy garşydaşlarynyň biriniň dalaş etmekden çetleşdirilmeginden soňra, ýurduň dürli künjeklerinde onlarça müň adam muňa protest bildirip köçä çykdy we polisiýa bilen çaknyşdy. 14-nji iýulda Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy 9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bäş dalaşgäriň hasaba alnandygyny aýtdy. Kandidatlaryň arasynda ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýän 65 ýaşly Lukaşenka hem bar. Читать дальше...

ABŞ-nyň COVID-19 waksinasy wada beriji netijeleri görkezýär

Azathabar.com 

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň we bu sebäpli heläk bolanlaryň sany artýar. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň bir kärhanasy COVID-19-a garşy mümkin waksinanyň adamlarda soňky tapgyr synaglarynyň geçirilýändigini, şeýle-de mundan ozalky deslapky testleriniň oňaýly netije berendigini aýdýar. ABŞ-da koronawirusdan 136 müň töweregi adam heläk bolup, wirusdan esasan ýurduň günbatar we günorta sebitleri ejir çekýärler. Birleşen Ştatlarda her gün wirusa ýoluganlaryň täze 60 müň ýagdaýy ýüze çykarylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *