Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Новости за 30.07.2020

'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ölenleri jaýlanmak boýunça täze talaplary öňe sürýärler. COVID-19 alamatly keselden ölýänleriň birden köpelen wagtynda ilatdan merhumlary mazarlary göze ilmez ýaly jaýlanmagy talap edýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilatyna öýde galmak maslahat berilýär. COVID-19 hassalary üçin niýetlenen karantin zolaklary näsaglardan doly, dermanlar, öýkeni emeli işletmek üçin enjamlar ýetmezçilik edýär. Häkimiýetler bolsa ýurtda koronawirusyň henizem ýokdugyny resmi taýdan aýdýarlar.

COVID-19 sebäpli Türkmenistanda adamlar ölýär, ýurduň ýolbaşçylary keseli ret edýär, daşary ýurt kompaniýalary ofislerini ýapýar

Azathabar.com 

COVID-19 hassalary üçin karantinlere düşýänler köp, ölüm ýagdaýlary, derman serişdeleriniň, enjamlaryň we azygyň ýetmezçiligi dowam edýär. Bu wagtda daşary ýurt kompaniýalary işgärlerine koronawirus ýokaşmagy sebäpli ofislerini ýapýarlar. Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda COVID-19 ýoklugy baradaky beýanatlarynyň fonunda daşary ýurt habar beriş serişdeleri daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işgärleriň arasynda bu kesele uçran ençemesiniň bardygyny habar berýär. "Polimeksiň öňki binasynda lukmanlar we hassalar aladaly... Читать дальше...

Pandemiýa güýçlenýän mahaly, dünýäde COVID-19 ýokuşanlaryň sany 17 milliondan aşdy

Azathabar.com 

Bütin dünýäde hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň sany 17 milliondan aşdy. Birleşen Ştatlarda bu wirusa ýolugan we ondan ölenleriň sanynyň artmagy dowam edýär. Jonhs Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, 30-njy iýulda dünýäde koronawirusyň 17 million 39 müň 160 adama ýokuşandygy we COVID-19 keselinden 667 müň 218 adamyň ölendigi hasaba alyndy. Soňky dört günüň dowamynda wirus ýokuşan täze 1 million adamyň hasaba alynmagy bilen, pandemiýanyň gerimi güýçlenýär. Birleşen Ştatlar koronawirusdan iň köp ejir çeken ýurt bolmagynda galýar. Читать дальше...

Belarusda prezident kampaniýasyna goldaw berýän Tsapkala aýal doganynyň alnyp gaçylandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Howpsuzlyk aladalary sebäpli çagalary bilen Belarusdan gaçmaly bolan prezidentlige potensial öňki dalaşgär Waler Tsapkalanyň aýaly Weranika Tsapkala aýal doganynyň näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar. Oppozision kandidat Swýatlana Tsikhanouskaýanyň kampaniýasyna goldaw bermek üçin Belarusda galan Weranika Tsapkala 30-njy iýulda irden raýat eşigindäki näbelli adamlaryň öz aýal doganyny Minskdäki awtoulag duralgasyndan "alyp gaçandygyny" aýtdy. Häzirki wagtda onuň nirededigi belli däl. Читать дальше...

ABŞ-nyň Kapitolynda hökmany maska düzgüni girizildi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň ýene bir agzasynda geçirilen koronawirus testiniň netijesi pozitiw boldy. Bu netije ABŞ-nyň Kapitolynda hökmany maska düzgüniniň girizilmegine getirdi. Spiker Nensi Pelosi (Nancy Pelosi) agzalaryň ABŞ-nyň Wekiller öýüniň gatynda bolanda hökmany maska geýmelidigi barada buýruk çykardy. Aradan birnäçe sagat geçensoň, Wekiller öýüniň seržanty we Kapitolyň baş lukmany maskalaryň, az sanly kadadan çykmalar bilen, Wekiller öýüniň ofis binalarynyň içinde hökmany geýilmelidigini aýtdylar. Читать дальше...

Canalys: Huawei Samsungy ozup, dünýäde iň köp smartfon satan firma boldy

Azathabar.com 

Hytaýyň ägirt uly telekommunikasiýa kompaniýasy Huawei Samsungy ilkinji gezek ozup geçip, güýçli içerki islegiň fonunda ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde iň köp smartfon satan firma boldy diýip, "Canalys" barlag firmasy 30-njy iýulda mälim etdi. “Canalys” firmasynyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň sanksiýalary we daşary ýurtlardaky söwdasynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan firma 55,8 million we Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 53,7 million enjam iberdi. Bu soňky dokuz ýylyň dowamynda bazarda Samsung... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *