Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Новости за 26.07.2020

Ermeniler bilen azerbaýjanlylar Moskwada çaknyşdy

Azathabar.com 

Iki kawkaz döwletiniň arasynda golaýda bolan serhetaşa çaknyşyklardan soň, azerbaýjanlylar we ermeniler Moskwada özara söweşe girip, bidüzgünçilige ýüz urdular. Moskwa polisiýasy 25-nji iýulda söweşe we bidüzgünçiliklere gatnaşmakda aýyplap 30-dan gowrak adamy tussag edendigini aýtdy. Sankt-Peterburg polisiýasy bolsa, azerbaýjan we ermeni jemgyýetleriniň agzalarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, 25-nji iýulda onlarça adamy tussag etdi. Zorlukly wakalar 24-nji iýul güni irden... Читать дальше...

Berdimuhamedow arap liderlerini Gurbanlyk bilen gutlady, COVID-19 barada pikir alyşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýulda BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly güýçleriniň ýokary serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýan, Bahreýniň patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa dagy bilen telefonda gürleşdi. TDH aýry-aýrylykda geçirilen telefon söhbetdeşliklerinde liderleriň bir-birini we öz halklaryny yslam dünýäsiniň mukaddes... Читать дальше...

Ministrler çalşylsa-da, Bolgariýadaky protestler dowam edýär

Azathabar.com 

Bolgar paýtagtynda 25-nji iýulda hem birnäçe ýüz adam hökümete garşy proteste çykdy. Proteste çykanlaryň käbiri "Işden çekil!" diýip gygyrsa, ýene bir topary Ministrler Geňeşiniň Sofiýanyň merkezindäki binasyna pomidor we hajathana kagyzlaryny zyňyp, "mafiýa" diýip gygyrdy. Hökümete garşy protestler indi tapgyr 17 gün bäri, premýer-ministr Boýko Borisowyň şu hepde dört ministri täzelemegine garamazdan dowam edýär. Ýogsa bu çäreler onuň işden çekilmegi baradaky çagyryşlaryň bes edilmegine gönükdirilipdi. Читать дальше...

ABŞ-a wekili owgan parahatçylyk prosesini ilerletmek üçin bäş ýurda sapar edýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar özüniň Owganystan boýunça ýörite wekilini owgan parahatçylyk prosesini ilerletme maksady bilen bäş ýurda sapara ýollady. ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Doha, Yslamabada, Kabula, Oslo we Sofiýa şäherlerine sapar edýär diýip, Döwlet departamenti 25-nji iýulda aýtdy. Halilzad Dohada we Kabulda "Owganara gepleşikleriniň öňüsyrasynda çözülmän galan meseleleriň çözülmegine, hususan-da tussaglaryň ahyrky alyş-çalşygyna we zorlugy azaltmaga basyş eder". Kataryň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *