Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 03.08.2020

Bankomat nobatlary egsilmeýär

Azathabar.com 

Gurban baýramyna garamazdan, “Türkmen-türk” täjirçilik bankynyň öňündäki bankomatlarda 100-den gowrak adam nobata dur diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji awgustda Aşgabatdan habar berdi.

COVID-19: Pulsuzlyk ilaty saglygy bilen töwekgelçilik etmäge iterýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen baglylykda, ýüz maskasyny geýmeýän ýaşaýjylara garşy ulanylýan jerime çärelerini güýçlendirýärler, has berkidilen bazar çäklendirmelerini girizýärler. Şol bir wagtda, pulsuzlykdan kösenýän ilat, sosial aralyk talaplaryna hem garamazdan, gün-güzeranyny aýlamak üçin alaçsyzlykdan bankomatlaryň öňünde nobata durmaga mejbur bolýar.

Eýran “çylşyrymly” operasiýa bilen düýbi ABŞ-da ýerleşýän bir oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysyny tussag edendigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýran häkimiýetleri 2008-nji ýylda bolan bombaly hüjüme we beýleki hüjümlere gatyşmakda aýyplaýan düýbi ABŞ-da ýerleşýän bir oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysyny tussag edendiklerini aýdýarlar. Aňtaw ministrligi 1-nji awgustda kän bir tanalmaýan “Eýranyň Patyşalyk mejlisiniň”, ýagny “Tondaryň” ýolbaşçysy Jamşid Şarmahdy tussag edendigini aýtdy. Beýanatda howpsuzlyk gulluklarynyň Şarmahdy “çylşyrymly operasiýa” bilen ele salandygy aýdylýar, ýöne tussag etmek işiniň nähili, nirede we haçan amala aşyrylandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Читать дальше...

Eýran bir aýa golaý wagtda COVID-19 bilen kesellänleriň iň köp sanyny hasaba aldy

Azathabar.com 

Eýranyň resmileri 2-nji awgustda tassyklanan koronawirus infeksiýaly ýagdaýlaryň soňky bir aýyň içinde iň ýokary bolandygyny aýtdy. Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň merkezinde ýüze çykan COVID-19 keselinden Ýakyn Gündogarda iň erbet ýagdaýa uçran Eýran Kum şäherinden tapylyp, soň ýurduň beýleki ýerlerine ýaýrap başlan wirusy saklamagy başarypdy. AFP agentligi Eýranyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lariniň sözlerine salgylanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2685 adamda wirusyň tapylandygyny habar berdi. Читать дальше...

Belarusyň eglişikli mejlisi Lukaşenkanyň çakylygy boýunça maslahata jemlendi

Azathabar.com 

Belarusyň parlamentiniň awtoritar prezident Alyaksandr Lukaşenka tarapyndan çagyrylan adatdan daşary mejlisi prezidentlik saýlawlarynyň birnäçe gün öňüsyrasynda 3-nji awgustda işe başlady. Prezidentlik saýlawlary 9-njy awgustda geçiriler. 2-nji awgustda prezidentiň metbugat sekretary Natalýa Eismant Lukaşenkanyň 4-nji awgustda parlamente we halka ýüzlenjekdigini aýtdy. Mejlisiň maslahata ýygnan pursady Lukaşenkanyň syýasy garşydaşlarynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdy dolandyrýan hökümete garşy... Читать дальше...

Koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 18 milliondan aşdy

Azathabar.com 

3-nji awgustda dünýäde hasaba alnan koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 18 milliondan geçdi. Käbir ýurtlar kesellänleriň täze sanynyň rekord derejede köpelmegine duçar bolýarlar, beýlekiler ýagdaýyň kadalaşmagyna garamazdan, keselçiligiň gaýdyp gelmeginden howatyrlanýarlar. Ýewropada wirusyň täzeden ýaýramagy bilen bagly aladalara garamazdan, Germaniýanyň demirgazyk Meklenburg-Worpommern ştatynda tomus dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagyndan soň 3-nji awgustda müňlerçe okuwçy mekdebe dolandy. Germaniýa... Читать дальше...

'Yslam döwleti' Owganystanyň türmesine hüjüm edendigini aýtdy

Azathabar.com 

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň esasy türmesine edilen bombaly we ýaragly hüjümden soň Yslam döwleti (YD) toparynyň söweşijilerini gözlemegi dowam etdirýär. Resmiler 3-nji awgustda giçlik bolan hüjümiň netijesinde 29 adamyň ölendigini we 50-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, şol sanda parahat ilatyň, howpsuzlyk güýçleriniň we tussaglaryň arasynda pidalaryň bardygyny aýtdylar. Welaýat häkimiýetiniň metbugat sekretary Ataullah Hogyani 13 hüjümçiniň hem öldürlendigini aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *