Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 15.08.2020

Lukaşenka Putin bilen Belarusdaky köpçülikleýin protestleri maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka rus kärdeşi Wladimir Putin bilen öz ýurduny sarsdyrýan köpçülikleýin protestleri ara alyp maslahatlaşdy. 15-nji awgustda geçirilen telefon söhbetdeşligi Lukaşenkanyň görlüp-eşidilmedik protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda boldy. "Prezidentler Belarusyň içinde we töwereginde bolup geçýän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar" diýip, Belarusyň döwlet habar gullugy Belta Lukaşenkanyň metbugat gullugyna salgylanyp, jikme-jik maglumat bermän aýtdy. Kreml... Читать дальше...

Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Azathabar.com 

Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, protest çäresini geçirenden soň, şäherdäki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sany göz-görtele azaldy. Marynyň etraplarynda bolsa, häkimiýetler kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Orsýetliler Putine garşy protestlerini dowam etdirýär, "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrýar

Azathabar.com 

Müňlerçe demonstrant Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde ýöriş geçirdi. Bu ýerde bir aýdan gowrak wagt bäri prezident Wladimir Putiniň sebitdäki syýasy krizisde oýnaýan roluna garşy ýörişler geçirilýär.  Protestçileriň  käbiri 15-nji awgustda Habarowsk şäheriniň içinden geçip barşyna "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrmak bilen,  Belarusda geçirilen ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdýan we muňa  garşy çykýan protestçileri goldaýandyklaryny bildirdiler. 9-njy awgustda Belarusda... Читать дальше...

Baltika ýurtlary Belarusda täze saýlaw geçirmäge çagyrýar, ÝB sanksiýalaryna çagyryş edýär

Azathabar.com 

Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň premýer-ministrleri Belarusy 9-njy awgustda geçirilen jedelli saýlawdan soň täze "azat we adalatly" ses berişlik geçirmäge çagyrdy. 9-njy awgustdaky ses berişlikde, resmi maglumata görä, 26 ýyllyk prezident Aleksandr Lukaşenka altynjy möhlete saýlandy we protest hereketleriniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyrylmagy  tutuş ýurtda nägilelik döretdi. Üç baltika ýurdunyň ýolbaşçylary 15-nji awgustda Estoniýanyň Tartu şäherinde geçirilen ýygnakdan... Читать дальше...

Berdimuhamedow ýene gallaçylar üçin 'ähli şertleri' döretmek kararyna gol çekdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji awgustda, anyklaşdyrmazdan, 2021-nji ýylda “bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek” baradaky kararagol çekdi. Türkmenistan iýulyň başynda bugdaý planyny dolandygyny, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylynyň ýygnalyp alnandygyny habar berdi. Emma ýurduň sebitlerinde geçen ýyldan bäri dowam edýän çörek, un gytçylygy saklanyp galýar, Azatlygyň habarçylary oba adamlarynyň çörek üçin paýtagta gelýändigini habar berýärler. Читать дальше...

Belaruslar barha kän köpçülikleýin proteste gatnaşýar, 'milli şatlygyň başlanmagyna' umyt baglanýar

Azathabar.com 

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka, ýurduň hepde ahyrlarynda köpçülikleýin protestlere taýýarlanmagy bilen, galplaşdyrylan saýlawlardan we rehimsiz basyp ýatyrmalardan soň, 26 ýyllyk dolandyryşynyň soňlanmagyna edilýän çagyryşlaryň  barha güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa ýurtdan Litwa gitmäge mejbur edilenden soň, 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy.  “Belaruslar mundan aňryk indi hiç haçan öňki hökümet bilen ýaşamak islemezler. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *