Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2020

Новости за 17.08.2020

Oppozisiýa syýasatçysy ‘milli lider’ bolmaga taýýardygyny aýdýar, Lukaşenkanyň sözi kesilýär

Azathabar.com 

“Galplaşdyrylan” saýlawlara protest bildirmek üçin Belarus boýunça müňlerçe zawod işçisi iş taşlaýyş yglan etdi. Olaryň käbirleri prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň sözüni kesýän wagty, ol täze saýlaw geçirmek babatynda edilýän çagyryşlary ret etdi. Lukaşenka ýurda ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny aýdan oppozisiýa syýasatçysy Swýatlana Tihanowskaýa beren jogabynda, ýurtda ýene bir saýlaw geçirmegi düýbünden ret etdi, ýöne ol 26 ýyl ýurdy dolandyrandan soň, häkimiýeti bölüşmek niýetini yşarat etdi. Читать дальше...

Ene-atalaryň studentlere pul ibermekdäki kynçylyklary gowzamaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizenden soň, munuň bilen bagly ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.

COVID-19: Aşgabatda býujet işgärleri öz hasabyna medisina barlagyndan geçirilýär

Azathabar.com 

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestiniň işgärleri ýene-de medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilýär. Barlag wagtynda işgärleriň arasynda sosial aralygy saklamak düzgünleri berjaý edilmeýär. Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna welaýatlardan baran studentler iki hepdelik karantine alyndy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji awgustda habar berdi.

Tihanowskaýa ‘milli lider’ bolmaga taýýardygyny aýdýar; Lukaşenka täze saýlawlary ret edýär

Azathabar.com 

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka ýurtda täze saýlawlaryň geçirilmejekdigini, emma özüniň häkimiýeti paýlaşmagy we konstitusiýa üýtgeşmeleri girizmegi isleýändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol munuň protestçileriň basyşy sebäpli amal edilmeýändigini belledi. Ol häkimiýeti gaýtadan üleşdirjek mümkin konsitutisiýa düzedişleriniň üstünde eýýäm işleriň alnyp barylýandygyny aýtsa-da, bu barada jikme-jik maglumat bermedi. Bu aralykda, belarus oppozisiýa dalaşgäri Swýatlana Tihanowskaýa ýurduň başyna geçmäge taýýardygyny aýtdy. Читать дальше...

Gazak obasyndaky etnikara diýilýän çaknyşykdan soň, oba barýan ýollar petiklendi

Azathabar.com 

Gazak polisiýasy Baýdibek-biý obasynda etnikara diýilýän çaknyşyklaryň bolandygy baradaky maglumatlardan soň, oba barýan ýollaryň ählisini petiklediler. Bu barada ýerli habar serişdeleri şaýatlara we ýaşaýjylara salgylanyp maglumat berýär. Resmiler 16-njy awgustda bolan çaknyşyklardan soň, ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga hem çagyrdylar diýip, ‘Wlast’ habar saýty sebitden maglumat berdi. Baýdibek-biý obasynda hem etniki gazaklar, hem-de etniki çeçenler ýaşaýarlar. Ýerli resmiler Baýdibek-biýde... Читать дальше...

Eýran, ÝB ABŞ-nyň sanksiýalary ‘gaýtarmak’ planyny ret etdiler

Azathabar.com 

Eýran we Ýewropa Bileleşigi, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda, Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ‘gaýtarmak’ baradaky planyny ret etdiler. Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 16-njy awgustda çykyş edip, ABŞ-nyň bu ylalaşykdan eýýäm çykandygyna ünsi çekdi. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josef Morrelliň metbugat wekili Waşingtonyň resmi ýagdaýda ‘Bilelikdäki Giňişleýin Hereket Meýilnamasy’ diýlip atlandyrylýan ylalaşykdan çykandygyny... Читать дальше...

COVID-19: Täze Zelandiýa saýlawlary süýşürdi; ýapon ykdysadyýeti 27,8% aşaklady

Azathabar.com 

Täze Zelandiýa özüniň iň iri şäherinde koronawirusyň ýaýrap başlamagy bilen, milli saýlawlary soňa süýşürmek kararyna geldi. Bu aralykda, Ýaponiýa aprel-iýun çärýeginde ykdysadyýetiniň 27,8% aşaklandygyny aýtdy. 17-nji awgustda Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Ýakinda Ardern saýlawlaryň 17-nji oktýabra geçirilendigini yglan etdi. Aukland şäherinde 50-den gowrak koronawirus ýagdaýlary ýüze çykarylandan bäri, oppozisiýa partiýalary saýlawlaryň süýşürilmegini sorap gelýärdiler. Mundan ozal, Täze... Читать дальше...

Ozalky gazak prezidentiniň agtygy Aýsoltan Nazarbaýew Londonda öldi

Azathabar.com 

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Aýsotlan Nazarbaýew 29 ýaşynda Londonda aradan çykdy. Onuň ejesi, gazak parlamentiniň ozalky spikeri Dariga Nazarbaýewa 16-njy awgustda beýanat ýaýradyp, oglunyň ölendigini tassyklady. “Biziň maşgalamyz söýgüli Aýsoltanymyzyň ýasyny tutýar. Bu agyr pursatda biziň şahsy durmuşymyza garyşmamagyňyzy soraýarys” diýip, ol aýtdy. Bir döwür Aýsoltan Nazarbaýew Gazagystanyň milli futbol federasiýasynyň wise-prezidenti hem bolupdy. Emma... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *