Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Новости за 14.06.2023

Aşgabatda ýaýran tagtabit dawa-jenjele sebäp bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda tagtabit ýaýrady. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinde dörän bu ganhor mör-möjege garşy göreşmäge synanyşýarka, olaryň ýaýramagy dowam edýär. Olar öýlere garaşylmadyk ýagdaýda, şol sanda täze öý goşlary bilen aralaşýar. Aşgabatdaky ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçysy maglumat berýär. Şäheriň ýaşaýjylary öz hasabyna mör-möjeklerden goraýan serişdeleri satyn almaly we özbaşdak göreşmeli bolýarlar. Azatlyk bilen gürleşen paýtagt ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, Sanitariýa we epidemiologiýa... Читать дальше...

Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýän mahaly, häkimiýetler ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagy dowam etdirýärler. Mary welaýatynyň býujet işgärleri bu işleri amal etmäge ýa-da özlerine derek hakyna adam tutup ibermäge mejbur edilýärler. Bu waka, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn eden mahalyna gabat gelýär.

Lebabyň polisiýasy hususy dükanlarda reýd geçirýär. Nas atýan raýatlar soraga çekilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hususy eýeçilikdäki dükanlara duýdansyz aýlanyp, barlaglary geçirip başladylar. Polisiýa işgärleri telekeçilere bikanun ýollar bilen getirilen temmäki önümleri satanlara uly möçberde pul jerimesiniň salynjakdygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, nas atyp durka saklanan raýatlar polisiýa tarapyndan soraga çekilýär. Bu waka Türkmenistanda berk çäklendirilýän temmäki önümleriniň ornuny tutýan serişdeleriň satuwyna we olaryň ulanyjylaryna... Читать дальше...

Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň we awtoulaglaryň hereketi ýiti çäklendirilip, gözegçilik güýçlendirildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek tabşyryldy. Bu çäreleriň ählisi “Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy bilen bagly boldy. Bu aralykda, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. “Şu gün Awaza syýahatçylyk zolagy adaty adamlar üçin doly ýapyldy. Читать дальше...

Harman: Lebapda we Maryda hasyl pes, prezident Balkanda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümini geçirýän mahaly, prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanynda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdylar. Habarçylarymyz Lebap welaýatynyň Halaç we Saýat etraplarynda, şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly we Murgap... Читать дальше...

Gyrgyz kazyýeti aktiwist Bekiýewi alty ýyl azatlykdan mahrum etdi

Azathabar.com 

Sentýabr aýynda Russiýadan deportasiýa edilen gyrgyz aktiwisti we hökümet tankytçysy Emil Bekiýew köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak niýetinde aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bişkekdäki Birinçi Maý etrap kazyýeti 13-nji iýunda Bekiýewiň höküminiň 11 gün öň çykarylandygyny, onuň köpçülikleýin bidüzgünçilikleri meýilleşdirmekde, häkimiýeti ele geçirmäge çagyrmakda we ýigrenji öjükdirmekde günäli tapylandygyny aýtdy. Kazyýetiň beýanatyna görä, Bekiýew bigünädigini, internetde... Читать дальше...

Gazagystandaky ýangynda ölenleriň sany 15 adama ýetdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Abaý sebitinde dörän ýangynlarda ölenleriň sany 13-nji iýunda, traktorçynyň jesedi tapylandan soň, 15 adama ýetdi. Içeri işler ministrligi bu adamyň 9-njy maýda ýitendigini, onuň Kaştak obasynyň golaýyndaky tokaý işgärlerine ot öçürmäge kömekleşendigini aýtdy. Gazagystan 12-nji iýunda ölendigi tassyklanan 14 tokaý işgäriniň ýasyny tutdy. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew adatdan daşary ýagdaýlar ministrini täzeledi we sebit häkimi Nurlan Uranhaýewe, 60 gektar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *