Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Новости за 19.06.2023

Mary prezidentiň saparyna taýýarlanýar, 'ýaş we owadan' zenanlar çärelere çekilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde güýçli depginde ýowar geçirilýär. Şeýle-de, sebitiň edara-kärhanalarynda işleýän “ýaş we owadan” zenan işgärler köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda sebitden beren maglumatynda ýowaryň we taýýarlyklaryň prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. “Şäheriň ähli ýerlerinde arassaçylyk we abadançylyk işleri geçirilýär. Köçeler ýuwulýar, haşal otlar arassalanýar” diýip... Читать дальше...

Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylmagyna uly taýýarlyk görülýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açmaga taýýarlanýarlar. Döwlet edaralarynyň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary köpçülikleýin çärelere hökmany suratda gatnaşmaly bolýar. Öňki prezidentiň adyny göterýän bahasy 5 milliard dollarlyk şäheriň açyljak wagty barada döwlet metbugatynda habar berilmedi, emma taýýarlyklaryň guramaçylary açylyş dabarasynyň 29-njy iýunda geçiriljegini gatnaşyjylara mälim etdiler. Bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär. Читать дальше...

Lebapda Internet arkaly iş gözleýän adamlar köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda Lebap welaýatynda Internet arkaly iş gözlemäge ýykgyn edýän adamlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda habar berdi. “Ykdysady krizisiň we işsizligiň fonunda Lebapda köp adam boş iş orunlary çap edilýän onlaýn bildirişlere ýüz tutup, iş gözleýär” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Orta mekdeplerden uçurym bolan ýaş gyzlar, harby gullugy tamamlap gelýän ýaş ýigitler işsiz galýar” diýip... Читать дальше...

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy

Azathabar.com 

Türkiýäniň Izmir şäherindäki bir öýde dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy. Üç sanysy zenan we biri erkek merhum türkmenistanlylaryň ölümi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, Türkiýäniň Çeşme şäherinde bir türkmen raýaty tussag edildi. Bu barada türk mediasy maglumat berýär. Ene we onuň iki gyzynyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidiniň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda Izmiriň Baýrakly etrabynyň Adalet mähellesindäki iki gatly bir jaýda tapyldy. “Milliyet” neşiriniň maglumatyna görä... Читать дальше...

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda täze bakja önümleriniň ýetişip başlamagy bilen, sebitleriň, şol sanda paýtagtyň bazarlarynda degişlilikde gymmat hasaplanýan azyklaryň, gök-miweleriň bahalary hem az-owlak arzanlaýar. Muňa garamazdan, soňky hepdeden bäri paýtagtda käşir asla tapdyrmaýar. Palawyň düzümindäki esasy azygyň ýitmegi Gurban baýramynyň ýetip gelmegi, şeýle-de täze Arkadag şäherini açmak çäresine görülýän taýýarlyklar, munuň bilen bagly berilýän sadakalar bilen baglanyşdyrylýar. Paýtagtyň bazarlarynda... Читать дальше...

Si Hytaý, ABŞ Blinkeniň sapary wagtynda “öňegidişlik etdi” diýýär

Azathabar.com 

Prezident Si Szinpin ABŞ bilen Hytaýyň 19-njy iýunda, ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Antoni Blinken bilen geçirilen gepleşiklerde birnäçe meselede “öňegidişlik gazanandygyny” aýtdy. "Hytaý tarapy biziň pozisiýamyzy açyk-aýdyň aýan etdi we iki tarap prezident Baýden bilen meniň Bali şäherinde gelen umumy düşünişmelerimize eýermek meselesinde ylalaşdy" diýip, Si ABŞ-nyň döwlet sekretaryna aýtdy. Şeýle-de ol “iki tarapyň öňegidişlik edendigini we käbir aýratyn alnan meselelerde ylalaşyk gazanandygyny” aýtdy.

Gazak paýtagtyndaky bank dramasy pidasyz gutardy

Azathabar.com 

18-nji iýunda bir erkegiň gazak paýtagty Astanadaky “Kaspi” bankynyň binasynda ýedi adamy zamun almagy netijesinde dörän gapma-garşylyk polisiýanyň ýörite güýçleriniň bu jaýa zabt etmegi bilen soňlandy, hiç bir adam zyýan çekmedi diýip, Merkezi Aziýa ýurdunyň içeri işler ministri Marat Ahmetžanow aýtdy. Ahmetžanowyň sözlerine görä, bankyň işgärlerini zamun alan adamyň banka bergisi bardy we ol, beýleki zatlar bilen birlikde, öz garyndaşlaryna maddy goldaw berilmegini hem talap etdi. Ýerli metbugat... Читать дальше...

Metbugat: Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 29-njy iýunda açyljak Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar. Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmegi tabşyrandygyny habar berýär. Bu karar Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi diýip, habarda bellenýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *