Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Новости за 16.06.2023

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda talyplaryň biometrik pasportlary, sürüjilik şahadatnamalary ýygnalýar

Azathabar.com 

Türkmenisanyň ýokary okuw jaýlarynda studentleriň biometrik maglumatly daşary ýurt pasportlary we sürüjilik şahadatnamalary ýygnalýar. Şeýle-de, talyplaryň ene-atalaryndan Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulaglary hasaba alyş bölümlerinde ogul-gyzlarynyň adyna ulag serişdeleriniň döwlet belligine alynmandygy barada kepilnama almak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýunda habar berdi.

Aşgabatda ýaýran tagtabit dawa-jenjele sebäp bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda tagtabit ýaýrady. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinde dörän bu ganhor mör-möjege garşy göreşmäge synanyşýarka, olaryň ýaýramagy dowam edýär. Olar öýlere garaşylmadyk ýagdaýda, şol sanda täze öý goşlary bilen aralaşýar. Aşgabatdaky ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçysy maglumat berýär.

Hazar deňziniň kenaryndaky şäherlerde ilata suwa düşmek gadan edilýär

Azathabar.com 

Hazar deňziniň boýundaky Guwlymaýak, Gyýanly, Garabogaz şäherlerinde we Türkmenbaşynyň töweregindäki käbir obalarda suwa düşmek we umuman deňiz kenaryna barmak gadagan edilýär. Ýerli ilatyň yssy howada deňizden näme sebäpli peýdalanyp bilmeýändigini düşündirmeýän häkimiýetler, käbirler ýerlerde onlarça kilometr kenarýaka meýdany ýapmak boýunça iş alyp barýarlar.

Baýramalynyň suw üpjünçiligi 10 gün bäri dikeldilmeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiligi kesildi. Ýerli häkimiýetler ençeme gün bäri dowam edýän bökdençligiň sebäplerini düşündirmezden, ilatyň agyz suw üpjünçiligini etrapçalara suw ulaglaryny ibermek bilen ýola goýmaga çalyşýarlar. Ýöne çäkli möçberde iberilýän suw ulaglary hem, ýaşaýjylaryň talabyny ödäp bilmeýär.

Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda sebite etmegine garaşylýan saparyna güýçli depginde taýýarlyk görýärler. Döwlet baştutanynyň sebitde galla oragynyň depgini bilen tanyşmagyna garaşylýar. Taýýarlyklaryň çäginde giň gerimli arassaçylyk işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalary berk barlagdan geçirilýär.

Türkmenistan rus mobil operatory MTS bilen dawasynda üstün çykdy

Azathabar.com 

Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez Russiýanyň mobil operatory MTS-iň Türkmenistana garşy eden şikaýatlaryna seretmek işlerini tamamlady. 14-nji iýunda Guramanyň websaýtynda peýda bolan habarda suduň soňky karary mälim edilmedi. Ýöne bu işde Türkmenistany gorap çykyş eden Squire Patton Boggs ýuridiki kärhanasynyň 15-nji iýunda ýaýradan beýanatynda öz müşderisiniň ýeňiş gazanandygy nygtalýar. "MTS-Türkmenistan" mobil operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabrynda togtatdy. Sebäbi Türkmenistan... Читать дальше...

Türkmenistan MTS dawasynda üstün çykdy

Azathabar.com 

Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez Russiýanyň mobil operatory MTS-iň Türkmenistana garşy eden şikaýatlaryna seretmek işlerini tamamlady diýip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär. Kazyýetiň Türkmenistana garşy bildirilýän talaplaryň ählisini ýatyrmak baradaky karary esasynda, Türkmenistana 11 million dollardan gowrak kanuny töleg we araçylyk çykdajylary berilmeli edildi. Çap edilen maglumata laýyklykda, kazyýet işi 2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda hasaba alyndy we 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda tamamlandy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *