Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28 29 30

Новости за 01.04.2025

"Okuw kitaplaryna girjek waka". Türkiýedäki protestler Merkezi Aziýalylaryň gözi bilen

Azathabar.com 

Dynç günlerinde Stambulda ýüzlerçe müň adam köçelere çykyp, şäher häkiminiň tussag edilmegine nägilelik bildirdi. Türmede oturan Ekrem Ymamoglu, häzirki prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 2028-nji ýyldaky saýlawlarda esasy garşydaşy hökmünde görülýär. Ymamogluny prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezen oppozision Halk-respublikan partiýasy, kazyýet işini syýasy matlaply hasaplaýar we tarapdarlaryny demonstrasiýa gatnaşmaga çagyrýar. Türkiýede ýaşaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolup geçýän wakalara nähili garaýarlar? Читать дальше...

Türkmenabatda töleg terminallarynyň döwlüp talanmagyna degişli hadysalar köpeldi

Azathabar.com 

Türkmenistanda talaňçylygyň ýene bir görnüşi ýaýbaňlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary töleg terminallarynyň, hususan-da mobil telefonlarynyň tölegleri üçin niýetlenen awtomatlaryň döwlüp, içindäki pullaryň talanmagyna degişli soňky wagtda bolan wakalar barada habar berýärler. Türkmenabatda mobil telefonlaryň hasabyny doldurýan awtomatlara ogrular tarapyndan edilýän hüjümleriň sany artyp başlady diýip, lebaply çeşmeler 1-nji aprelde habar berdi. Türkmenabadyň polisiýasyndaky çeşmäniň sözlerine görä... Читать дальше...

Türkmenistanda VPN-ler ýene petiklenip başlandy, Internetiň tizligi haýallaýar

Azathabar.com 

Geçen hepde soňunda Internet petiklemeleri has-da güýçlendirildi, ozal işleýän birnäçe wirtual şahsy torlar (VPN-ler) soňky üç gün bäri yzly-yzyna petiklenýär, diýip günbatar Balkan welaýatyndan bolan birnäçe ýaşaýjy aýdýar. Türkmenistanda Internet ulgamy berk häkimiýet gözegçiligi astynda saklanýar, köp sanly maglumat çeşmeleri petik astynda galýar. Adamlar Internet torundan köplenç diňe VPN-ler arkaly päsgelçiliksiz peýdalanyp bilýärler. “Express VPN, Super VPN, Shadowsocks VPN we Jump VPN ýaly 10-dan gowrak VPN hyzmaty petiklendi. Читать дальше...

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi

Azathabar.com 

Merkezi Aziýa ýurtlarynda demokratiýanyň derejesi peselmegini dowam etdirýär. The Economist neşiriniň analistleri şeýle netijä geldiler. Olar 2024-nji ýyl üçin Demokratiýanyň indeksini düzdüler. Sebitde Gyrgyzystan iň demokratik ýurt hasaplanýar, iň ýaramaz ýagdaý Türkmenistanda. Demokratiýanyň pese düşmegi bütin dünýäde giňden ýaýran. The Economist neşiriniň maglumatyna laýyklykda, Merkezi Aziýadaky bäş ýurduň ikisinde bu görkeziji iň pes bolan döwletleriň hataryndadyr. Gürrüň Türkmenistan we Täjigistan barada barýar... Читать дальше...

Prezidentiň aýal doganynyň propagandasynyň ýaýbaňlanmagy ilat arasynda dürli pikir alyşmalary döretdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýal dogany, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň resmi metbugatda has köp peýda bolup başlamagy, ilat arasynda dürli pikir alyşmalaryň döremegine getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 31-nji martda ýurduň dürli sebitlerinden maglumat berdiler. “Türkmen metbugaty Berdimuhamedowlar maşgalasyndan birini telewideniýede uly planda görkezip başlasa, ähli zat düşnükli bolýar. Читать дальше...

Ysraýyl zamunlaryň boşadylmagynyň öwezine, ok atyşlygy uzak möhletli bes etmegi teklip etdi

Azathabar.com 

Ysraýyl, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilýän Hamas radikal topary tarapyndan saklanylýan zamunlaryň ýarsyndan gowragynyň goýberilmeginiň öwezine, Gaza zolagynda ok atyşyklary bes etmek boýunça uzak möhletli režimi girizmegi teklip etdi. Bu barada Reuters gullugy atlandyrylmasyzlygyny soran ysraýyl resmilerine salgylanyp habar berýär. Şol bir wagtda, Ysraýlyň armiýasy Gazanyň ilatynyň ewakuasiýa edilmegi boýunça täze görkezmeleri berdi we zolagyň gündogarynda... Читать дальше...

"Türkmenhowaýollary" Moskwa uçuşlaryny apreliň ahyryna çenli togtatdy

Azathabar.com 

“Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary 2025-nji ýylyň 30-nji apreline çenli ýatyryldy. Bu barada kompaniýa özüniň sahypasynda bildiriş çap etdi. Satyn alnan biletleriň pullaryny yzyna gaýtaryp almak üçin kompaniýa bilen habarlaşmak maslahat berilýär. Uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar. Geçen ýylyň ahyrlarynda Azerbaýjan howaýollary kompaniýasynyň Russiýa barýan uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde howa heläkçiligine uçramagynyň yz ýany... Читать дальше...

Eýran Trampyň “bombalamak” haýbatyndan soň, berk gaýtawulyň beriljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eger-de Tähran ýadro programmasy boýunça gepleşikleri geçirmekden ýüz öwürse, onda “bombalamalaryň boljakdygy” baradaky duýduryşyna jogap edip, muňa “berk” gaýtawulyň beriljekdigini aýtdy. Bu iki ýurduň arasyndaky barha ýitileşýän ritorika boýunça artýan aladalara gabat geldi. Tramp Eýrana täze sanksiýalardan we nyrhlardan başlap, harby herekete çenli çäre görmek haýbatyny atdy. Hameneýi 31-nji martda Eid Al-Fitr dabarasy boýunça geçirilen üýşmeleňiň dowamynda... Читать дальше...

Litwada ýitirim bolan dört amerikan esgeriniň üçüsi öli tapyldy

Azathabar.com 

Litwada harby türgenleşikler mahaly ýitirim bolan dört amerikan esgeriniň üçüsi öli tapyldy. Dördünji harby gullukçynyň gözlegleri dowam edýär. Bu barada Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleriniň Ýewropadaky we Afrikadaky serkerdeligi mälim etdi. Beýanatda Litwanyň ABŞ-nyň ygrarly ýaranydygy bellenilýär, şeýle-de ýiten esgerleri gözlemek işleri üçin litwaly we polşaly harbylara minnetdarlyk bildirilýär. Harby gullukçylar dikuçarlar, dronlar we gury ýer güýçleri arkaly gözlendi. “M88 Herkules” sowutly... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *