Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28 29 30

Новости за 23.04.2025

Onlarça türkmenistanly nägilelik bildirip, ret edilen türk wizasy üçin puluny yzyna aldy

Azathabar.com 

Türkiýä gitmek üçin wiza almaga synanyşýan türkmen raýatlarynyň onlarçasy ýaňy-ýakynda ret edilen wizalary üçin eden tölegini yzyna almagy başarypdyr. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary geçen hepde ýüze çykan bu ýagdaýyň käbir jikme-jiklerini anyklap bildiler. "Aşgabadyň wiza merkezinde türk wizasyna arza tabşyran raýatlaryň 40 çemesi wizalarynyň ret edileninden soň [Türkiýäniň] ilçihanasynyň öňünde protest bildirdiler. Bu oňyn netije berdi we raýatlar wiza üçin tölän 200 dollar puluny yzyna almagy başardylar" diýip... Читать дальше...

Özbek daýhanlary özleriniň kärende ýerlerini hytaý firmalaryna bermäge mejbur edilýändiklerini aýdýarlar

Azathabar.com 

Özbegistanda daýhanlar, döwlet goldawynda ösüş bahanasy bilen, öz ýerlerini hytaý firmalaryna bermäge mejbur edilýändiklerini, hökümetiň mes toprakly ýüzlerçe müň gektarlyk pagta we bugdaý meýdanlaryny ýerli ýaşaýjylaryň ellerinden alýandygyny aýdýarlar. Olar Fergana jülgesindäki mes toprakly ýerleriň ykbalyna alada bildirip, giň meýdanlaryň döwletiň ýer gaznasyna alnandygyny we hytaýly işewür adamlara geçirilendigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Resmi kagyzlarda ýeri geçirmekligiň meýletin bolandygy aýdylýar. Читать дальше...

Türkmenistanda aýlykly ruhanylaryň sany azaldylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ençeme metjidinde ruhanylar arza ýazyp işden çykmaga mejbur edilýär diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp habar berdiler. Metjitlerdäki ruhanylaryň sanyny azaltmak boýunça çäreler paýtagtda hem welaýatlarda geçirilipdir. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşmeleriň maglumatlaryna görä, işden çykanlaryň sany, galanlardan agdyklyk edýär. "Aşgabadyň ona golaý uly metjidinde dini wagyzlary geçirýän we dini däp-dessurlar boýunça ilata hyzmat edýän... Читать дальше...

Polisiýa Amul galasyna barýan ýaşlardan gorkuzyp pul alýar – ýerli ýaşaýjylar

Azathabar.com 

Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän gadymy Amul galasyna syýahata barýan ýaşlardan polisiýa tarapyndan gorkuzylyp pul alynmagy barada habarlar gowuşýar. “Agşama golaý biraz howa salkynlapdy. Galanyň depesinde oturyp, Günüň batyşyny synlaýardym. Şol wagt birden bir polisiýa işgäri ýanymda duýdansyz peýda bolup, ‘bu ýerde näme işleýärsiň, bu gala döwlet tarapyndan goralýan ýadygärlik, ýör men seni edara äkidip şahsyýetiňi barlaýyn’ diýip, meniň elimden çekip maşyna mündürmekçi boldy. Men şol wagt jübümde bar bolan 50 manady berip... Читать дальше...

"Türkmenhowaýollary" maýdan başlap Moskwa, Kazan ugry boýunça gatnawlary dikeldýär

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” 1-nji maýdan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär we awiabiletleri awiakassalardan satyn alyp boljakdygy bellenilýär. “Türkmenhowaýollary” 2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryny wagtlaýyn togtadypdy we bu karary her aýda uzaldypdy. Gatnawlaryň togtadylmagynyň sebäbi resmi taýdan görkezilmese-de... Читать дальше...

Türkmenistandan Azerbaýjana, Russiýa eksport edilen pomidorlarda howply wirus ýüze çykaryldy

Azathabar.com 

Türkmenistandan Azerbaýjana getirilen pomidorlarda howply wirus ýüze çykarylandan soň, olaryň ýurduň içerki bazaryna goýberilmegi gadagan edildi. 1news.az neşiriniň 21-nji apreldäki maglumatyna görä, meýilleşdirilen barlaglaryň çäginde 56 tonna import edilen pomidorlardan nusgalar alyndy we laboratoriýa barlaglarynyň netijesinde zyýanly ‘Tomato brown rugose fruit virus’ wirusy ýüze çykaryldy. Geçen hepde Russiýanyň Ýekaterinburg şäheri boýunça Rosselhoznador edarasy, şol sanda Türkmenistandan getirilen... Читать дальше...

G.Berdimuhamedow MA döwletlerine sapar edýär, Gazagystanda "ak reňke boýalan" ulaglary satyn aljakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerine edýän saparynyň çäklerinde, 23-24-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde bolar. Resmi maglumata görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy esasynda amala aşyrylýan bu saparyň dowamynda türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli meseleler maslahat ediler. Mundan bir gün öň, Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparyny amala aşyryp... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *