Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28 29 30

Новости за 03.04.2025

Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar'

Azathabar.com 

Lebaply daýhanlar mineral dökünleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýan mahaly, döwlet metbugaty ýurtda öndürilýän dökünleriň ýerli sarp edijileri kanagatlandyrýandygyny ileri sürýär. Bu aralykda, sebitdäki iri himiýa zawodynda köne enjamlaryň yzygiderli hatardan çykmagy önümçiligiň depginini gowşadýar. “Mineral dökün ýetmezçiligi sebäpli, her ýylda oba hojalyk ekinlerimize ýeterlik derejede ideg edip bilmeýäris” diýip, lebaply daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we üstümizdäki... Читать дальше...

Wengriýa Netanýahunyň gelmeginden birnäçe sagat soň, Halkara Jenaýat Kazyýetinden çykýandygyny yglan etdi

Azathabar.com 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Budapeşt şäherine sapar bilen gelmeginden birnäçe sagat soň, Wengriýa özüniň Halkara Jenaýat Kazyýetinden (HJK) çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu, Gaza zolagyndaky uruş jenaýatlary öýdülýändigi bilen baglylylykda Netanýahynyň garşysyna Kazyýet tarapyndan tussaglyk karary çykarylaly bäri, onuň Ýewropa edýän ilkinji saparydyr. Wengriýanyň Goranmak ministri Kristof Salai-Bobrownitski Netanýahuny Budapeştiň howa menzilinde garşy aldy we bu barada Facebook sahypasynda habar berdi. Читать дальше...

BMG-niň raportýory türkmen hökümetini hukuk goraýjy bilen baglanyşykly ähtimal zäherlenme hadysasyny derňemäge çagyrýar

Azathabar.com 

BMG-niň adam hukuklaryny goraýjylaryň ýagdaýy boýunça ýörite raportýory Meri Lawlor Türkmenistanyň hökümetini 75 ýaşly hukuk goraýjy Gurbansoltan Açylowa bilen baglanyşykly zäherlenme synanyşygy bolandygy öýdülýän baradaky aýyplamalary gyssagly derňemäge we onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy. Lawloryň beýanatynda 2024-nji ýylyň noýabrynda Açylowanyň, aýdylmagyna görä, bir myhmanyna samsa berendigi aýdylýar, ol samsanyň hem hukuk bozulmalaryny paş etmek isleýän bir adam tarapyndan sowgat hökmünde getirilendigine meňzeýändigi aýdylýar. Читать дальше...

Awtoýuwalgalaryň we dükanlaryň ýapylmagy ýaşaýjylara we telekeçilere zyýan etdi

Azathabar.com 

Soňky hepdede ýurduň dürli sebitlerinde hususy dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň ýapyk durmagy ilat köpçüligine erbet täsir ýetirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň bu barada beren maglumatlaryna görä, agşamlaryna we gijelerine işleýän dükanlardan ilatyň uly bölegi peýdalanýardy. Awtoýuwalgalara-da uly zerurlyk döreýär. Azyk dükanlarynyň ýapylmagynyň täsiri hususan-da, Oraza aýynyň dowamynda has köp duýulypdyr. Çeşmeleriň sözlerine görä, soňky günlerinde agşamlaryna we gijelerine kireý... Читать дальше...

Donald Tramp öň görülmedik import salgytlaryny girizdi, şol sanda Türkmenistana

Azathabar.com 

2-nji aprelde, Ak Tamyň öňündäki meýdançada çykyş eden ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Amerikanyň söwda hyzmatdaşlarynyň aglabasyna garşy täze söwda salgytlarynyň girizilýändigini yglan etdi. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan getirilýän harytlara 20% salgyt, Hytaýdan getirilýän harytlara bolsa 30%-den ýokary salgyt girizilýär. Şol sanda, Türkmenistana hem 10% salgyt girizilýär. “Azatlyk güni geldi” diýip, Tramp 3-nji aprelde gije-ýaryndan başlap ýüzden gowrak ýurtdan getirilen harytlara salgytlaryň güýje girýändigini mälim etdi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *