Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Aktiwistler Ukrainany gazak oppozision bloggeri Žanar Ahmedi ekstradisiýa etmezlige çagyrýarlar

0
Gazagystanyň Almaty şäherindäki aktiwistler Ukrainany gazak oppozision bloggeri Žanar Ahmedi (Zhanar Akhmet) howpsuzlyk aladalary sebäpli, ekstradisiýa etmezlige çagyrdylar.


Onlarça aktiwist 8-nji ýanwarda Almatynyň Respublika meýdançasynda toplanyp, “Žanar Ahmedi ekstradisiýa etme”, “Ahmediň ekstradisiýa edilmegi gazak hökümetiniň syýasy buýrugy” we “Ekstradisiýa prosesini togtat!” diýen şygarlary galdyrdy.


Ahmedi ekstradisiýa etmek prosesi Ukrainada 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri dowam edýär, ol şol wagt Kiýewde, Gazagystanyň galplykda aýyplap eden talaby esasynda tussag edilipdi.


Kiýew sudy 2017-nji ýylyň noýabrynda Ahmedi, ukrain deputaty Switlana Zaklişçugyň talaby esasynda azatlyga goýberip, onuň ekstradisiýa edilmegi baradaky karary soňa goýdy. 


Ahmet Gazagystandan 2017-nji ýylyň martynda, ýurtda galsa howpsuzlygyny alada edýändigini aýdyp, şol wagt 9 ýaşynda bolan ogly bilen gaçdy.


Ol gaçmak kararyna çeşmelerden alan maglumaty esasynda, özüniň interneti ulanyp, özüňi öldürmegi wagyz edýän “bikanun gurama döretmek” aýyplamasynda aýyplanjakdygyny bilenden soň gelendigini aýtdy.

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *