Putin “TürkAkymy” geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkiýä geldi
Umumy bahasy 8 mlrd dollara golaý bolan “TürkAkymy” geçirijisiniň gurluşygy bäş ýyl wagt aldy.
Bu geçiriji ýylda 31.5 mlrd kub metr rus gazyny Türkiýäniň günbatar welaýatlaryna getirer, ol gazyň ýarysy Balkanlara we Merkezi Ýewropa, şol sanda Bolgariýa, Serbiýa we Wengriýa iberiler.
Bu Orsýetiň Ukrainanyň üstünden gaz geçirmegi bes etmek ýa azaltmak baradaky uzak wagtlyk maksadynyň,“Demirgazyk akym 1” we “Demirgazyk akym 2” ýaly alternatiw taslamalaryň bir bölegi bolup durýar.
Bu iki geçiriji suw astyndan Germaniýa barmaly, emma ABŞ sanksiýalary zerarly “Demirgazyk akym 2” gurlup gutarylmagynyň öň ýanynda gijikdirildi.
Geçen ýyl Ýewropa 200 mlrd kub metre golaý gaz iberen Orsýet Balkanlary we Türkiýäni gury ýer, Ukraina, Moldowa, Rumyniýa topraklary arkaly üpjün edýärdi.Geljekde bu gaz “TürkAkymy” arkaly, Gara deňiz astyndan, 930 km ýol geçip, alyjylaryna gowşar.
