Belgradda protestçiler howanyň hapalanmagyna garşy demonstrasiýa geçirdiler
Belgradda protestçiler köçelere çykyp serb hökümetini bu günbatar balkan döwletiniň ilatyny howanyň hapalanmagyndan we bu zerarly dörän goýy tüsseden “goramak” üçin çäreleri görmäge çagyrdylar.
17-nji ýanwarda paýtagtyň merkezinde geçirilen demonstrasiýa gatnaşan protestçileriň ýüzünde medisina maskalary bardy.
Serbiýanyň, şol sanda goňşy Bosniýa-Herzegowinanyň, Kosowanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň köp şäherlerini adaty derejesinden has ýokary goýy duman gurşap aldy. Bu dünýäniň iň hapalanan şäherleri hasaplanýan – Deliniň, Kalkuttanyň, Lahoryň we Pekiniň görkezijilerine ýakyndyr.
“Biz hökümetiň bu meselä çemeleşişinden närazy” diýip, protestiň guramaçylary aýtdy.
Bilermenler Serbiýanyň, elektrik energiýasyny öndürmek üçin, eýýäm könelişilen kömür zawodlaryny giňden ulanmagynyň howanyň hapalanmagyna getirendigine ünsi çekýärler.
Saglyk we Howanyň Hapalanmagy boýunça Global Ýaranlygyň maglumatyna görä, Serbiýada her 100 müň ölümden 175-i gönümel howanyň hapalanmagy bilen baglydyr. Bu dünýä boýunça dokuzynjy görkezijidir. Sekizinji orunda Somali, onunjyda hem Hindistan ýerleşýär.