Uçar pidalarynyň jesetleri Kiýewe getirildi, Tähran gara gutulary bermek wadasyndan 'çekilýär'
Tähranyň halkara uçar menzilinden asmana aglandan soň Eýranyň howa goranyş güýçleri tarapyndan ýalňyşlyk esasynda urlup ýykylan ýolagçy uçarynda wepat bolan 11 ukrainalynyň tabytlary 19-njy ýanwarda Kiýewe getirilende, eýranly resmileriň betbagtçylygy derňemek hyzmatdaşlygy hakynda beren wadalary barada täze sowallar döredi.
Prezident Wladimir Zelenskiý, premýer-ministr Alekseý Gonçaruk we beýleki uly derejeli ukrain resmileri uçar ýykylanda ýogalan ukrain raýatlarynyň ukrain baýdagyna dolanan tabytlary Kiýewe getirilenden soň guralan ýas çäresine gatnaşdylar.
8-nji ýanwarda bolan betbagtçylykda, Tährandan dolanan ukrain uçarynyň bortunda ölenleriň arasynda 11 ukrainaly, dokuz ekipaž agzasy, iki ýolagçy bardy, olar beýleki 165 ýolagçy bilen bilelikde wepat boldy.
Eýran resmileri uçar urlan wagtynda, Yrakdaky ABŞ bazalaryna urlan raketa zarbasyndan soňky dartgynly ýagdaý bilen baglylykda, ýurduň howa goranyş güýçleriniň ýokary hüşgärlik ýagdaýynda bolandygyny we ýolagçy uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny aýtdylar.
Ukraina we ýene dört ýurt, uçarda raýatlary wepat bolan döwletler bu hadysanyň “doly, garaşsyz we açyk ýagdaýda” derňelmegini talap etdiler.
Emma indi, Eýranyň bu hadysany derňeýän esasy resmisi Tähranyň ýykylan uçaryň maglumatlaryny toplan gara gutularyny bermek, onuň maglumatlaryny paýlaşmak wadasyndan yza çekilýäne meňzeýär.
Eýranyň raýat awiasiýasy häkimiýetiniň hadysa derňewleriniň başlygy Hassan Rezaiferiň aýdan sözleri 19-njy ýanwarda IRNA habar gullugy tarapyndan sitirlendi, ol “Ukrainanyň Boeing uçarynyň gara gutulary eýranlylaryň elinde we biziň olary olara tabşyrmak planlarymyz ýok” diýýär.
AP neşiriniň maglumatyna görä, ol gara gutularyň ýazgylarynyň öwrenilýändigini, “emma özleriniň entek ol gutulary ýurtdan çykarmak barada hiç bir karara gelmändiklerini” aýdýar.
“Tasnim” habar gullugy ozal Rezaifere salgylanyp, gara gutularyň Kiýewe iberilenden soň“fransuz, amerikan we kanadaly ekspertler tarapyndan öwreniljekdigini”, sebäbi özleriniň gara gutynyň maglumatlaryny okap bilmeýändiklerini aýdypdy.