Täjik polisiýasy internetde paýlaşylan 'seks wideosynyň' awtorlaryny derňemejekdigini aýdýar
Täjik polisiýasy internetde paýlaşylan we görnetin zenan aktiwisti biabraý etmäge gönükdirilen seks wideosynyň arkasynda duran adamlary tapmak üçin jenaýat işini açmajakdygyny aýtdy.
Duşenbäniň Wahdat etrap polisiýasynyň beýanatynda häkimiýetleriň jenaýat derňewini açmajakdygy, sebäbi wideoda görünýän erkegiň hereketlerinde “jenaýat elementleriniň ýokdugyny” aýtdy.
Sdy aýdylmaýan aktiwist 19-njy ýanwarda AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde polisiýanyň bu beýanatynyň “hiç bir jähetden heňe gelmeýändigini”, sebäbi onuň resmi talabyna jogap berilmändigini aýtdy.
“Men polisiýadan bu wideony kimiň düşürendigini, kimiň ýaýradandygyny we muny näme üçin edendigini anyklamagy soradym” diýip, Duşenbede ýaşaýan aktiwist we adam hukuklaryny goraýjy aýtdy.
Sentýabr aýynda internetde paýlaşylan wideoda aýal adamyň ýüzi gowy görünýär, emma erkegiň ýüzi bulaşdyrylan.
Aktiwist zenan ol erkek bilen birnäçe aý bäri duşuşýan eken we olar bu wideo çap edilmezinden öň nikalaşmagy planlaşdyrypdyr. Emma wideo çap edileninden soň, ol erkek ýitirim bolýar. Aktiwist zenan özüniň ol erkege “örän şübheli bolandygyny” aýtdy.
Bu wideo YouTube we Facebook kanallarynda derrew aýryldy, emma onuň Orsýetdäki sosial-media saýlaryndan we beýleki saýtlardan aýrylmagy esli wagt aldy.
Bu wideo aktiwist hökümetiň Täjigistanda internete baglanmagyň nyrhlaryny ýokarlandyrmagyna garşy kampaniýa goşulandan soň çap edildi.