Belarus prezidenti: Orsýet “Wagner” toparynyň dildüwşügini ýapmaga synanyşýar
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Orsýeti 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýurdy durnuksyzlaşdyrmak üçin rus hususy harby kompaniýasyndan 200 söweşijini Belarusa ibermek synanyşygyny bassyr-ýussur etmekde aýyplaýar.
Lukaşenka bu sözleri 1-nji awgustda, rus prezidenti Wladimir Putiniň täsirli syýasy ýarany tarapyndan dolandyrylýandyr öýdülýän hususy harby firmadan - "Wagner" toparynyň agzalaryndan görülýän dildüwşük barada belarus derňewiniň ilkinji hasabatyny okanyndan soň aýtdy.
Orsýetiň Minskdäki ilçihanasy öz diplomatlarynyň 1-nji awgustda belarus häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen 33 adam, “Wagner” toparynyň hakyna tutulan agzalary bilen duşuşandygyny habar berdi. “Wagner” Orsýetiň harbylaşdyrylan guramasy bolup, Putine ýakyn täsirli telekeçi Ýewgeniý Prigožin tarapyndan dolandyrylýar.
Bu toparyň söweşijileriniň Ukrainada, Siriýada we Liwiýada söweşlere gatnaşandygy belli boldy.
Lukaşenka 1-nji awgustda BelTA döwlet habar gullugyna "Meniň düşünişime görä, bu Belarusa ýerleşdirilmegi planlaşdyrylan 180 ýa-da 200 adamly toparyň ilkinji bölegi” diýdi.
“Orsýet indi, öz “guýrugyny” gizlemek üçin, bu toparyň gelmeginiň biz bilen ylalaşylandygyny öňe sürýär, bu heňe geljek zat däl” diýip, belarus lideri aýtdy. Kreml bu adamlaryň tussag edilmeginiň "esassyzdygyny" aýdyp, hususy harby potratçylaryň boşadylmagyny talap etdi.