Berdimuhamedow ýene gallaçylar üçin 'ähli şertleri' döretmek kararyna gol çekdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji awgustda, anyklaşdyrmazdan, 2021-nji ýylda “bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek” baradaky kararagol çekdi.
Türkmenistan iýulyň başynda bugdaý planyny dolandygyny, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylynyň ýygnalyp alnandygyny habar berdi. Emma ýurduň sebitlerinde geçen ýyldan bäri dowam edýän çörek, un gytçylygy saklanyp galýar, Azatlygyň habarçylary oba adamlarynyň çörek üçin paýtagta gelýändigini habar berýärler.
TDH bu karara “bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak”, “daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen” gol çekilendigini habar berýär.
Döwlet eýeçiligindäki neşir ozal daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigini, ýurda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini aýdýardy.
Täze karara laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Synçylar we Azatlyk bilen açyk ýa-da anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenler, daýhanlar ýurduň oba hojalygynyň ozal ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran “täze oba syýasaty”, soňra häzirki prezidentiň “oba hojalyk özgertmeleri” esasynda çökendigini, oba hojalygyndaky önüm öndürijilere berilmedik “azat bazar hukuklarynyň we ykdysady erkinlikleriň açlyga alyp gelendigini” aýdýarlar.
Şeýle-de prezident “Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak” baradaky karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmen prezidenti TW gepleşikleriniň hilinden hemişe nägile bolýar we ýolbaşçylary täzeläp, “döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak” üçin yzygiderli serişde goýberýär.
Şol bir wagtda-da ol habar serişdeleriniň esasy wezipesiniň “ýurtda gazanylan üstünlikleri berjaý etmekden ybaratdygyny” adýar.
Synçylar bu talabyň habar serişdlerini “berk döwlet senzurasy astyna salandygyny” we ýurtdaky problemalary agzaman, diňe “üstünlikleri, hususan-da Hormatly Prezidenti öwýän” medianyň ilaty “başga ýurtlaryň habar serişdeleriniň öňüne kowýandygyny” aýdýarlar.