“Türkmenistan howaýollary” Almaty şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltdi
Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň Raýat awiasiýasy komiteti we Türkmen tarapy Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky uçar gatnawlaryny gaýtadan başlamak ylalaşygyna geldi.
“Türkmenistan howaýollary” iki ýurduň arasyndaky ýolagçy gatnawlaryny 2-nji iýunda Almaty-Aşgabat ugry bilen hepdede bir gezek amala aşyrmaga başlady.
Dikeldilen uçar gatnawlary iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady, işewürlik, syýahatçylyk we medeni hyzmatdaşlygy hasam ösdürmäge kömek eder diýip, habarda bellenýär.
Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.
