Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Otuz ýedi ýaşly belarus şahyry Sarokin polisiýa bölüminde ýogaldy

0
37 ýaşly belarus şahyry Dzmitri Sarokin ýurduň günbataryndaky Lida şäherinde polisiýa tussaghanasynda aradan çykdy.


Adam hukuklaryny goraýjy Syarhey Sys Sarokiniň tanşynyň 5-nji iýunda ýazan twitine salgylanyp, Sarokiniň bir gün öň ölendigini aýtdy we onuň 6-njy iýunda jaýlanjakdygyny habar berdi.


“Mediazona” web sahypasy hem Sarokiniň ýogalandygyny tassyklaýan çeşmelere salgylandy. Sarokiniň polisiýa bölüminde näme üçin saklanandygy we onuň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl.


Sarokiniň dostlary polisiýanyň şahyry mundan öňem tussag edendigini we haýsydyr bir ýalňyşlyklary üçin wideo kameranyň öňünde "toba" etdirip, ýazga alandygyny gürrüň berdiler.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *