Türkmenistanlylaryň ýene 2312-si haj parzyny berjaý eder
Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýän haj parzy bu ýyl iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, bu ýyl haj zyýaratyna gitjek raýatlaryň ilkinji gezek Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany patyşalygyna eltilip-getirilmeginiň üpjün edilendigi bellenýär.
Türkmenistanda haj parzyny amala aşyrjak raýatlaryň ýyllarboýy dürli emeli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.
