Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Новости за 04.10.2019

Tramp Hytaýy Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy demokratlardan prezident bolmaga umydygär Joe Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Kongresde Ukrainadan Joe Baýdeni we onuň ogly Hanteri derňemegi talap edendigi üçin impiçment soragynyň geçirilýän wagtynda etdi.

Aşgabadyň polisiýasy ten söwdasyna gözegçilik çärelerini aktiwleşdirdi

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy ten satmak bilen meşgullanýan zenanlara gözegçilik çärelerini aktiwleşdirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň paýtagtyň Köpetdag etrabynyň polisiýasynyň we Aşgabadyň sud edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar bermegine görä, soňky döwürde 100 çemesi zenan saklanypdyr. "Soňky aýlarda Aşgabadyň polisiýa işgärleri ten söwdasyny edýän aýal-gyzlara garşy reýd alyp barýarlar. Diňe soňky birnäçe aýda ýüzden gowrak raýat saklandy" - diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 2-nji  oktýabrda habar berdi. Читать дальше...

Gyrgyz häkimiýetleri tanymal žurnalistiň ölüminiň derňewini gaýtadan açýar 

Azathabar.com 

Gyrgyz häkimiýetleri garaşsyz žurnalist Alişer Saipowyň janyna kast edilmeginiň derňewini gaýtadan açdy, ol 12 ýyl çemesi öň günortadaky Oş şäherinde atylyp öldürildi. Saipowyň dogany Şohruh Saipow 3-nji oktýabrda AÝ/AR-a baş prokuroryň düýbi Kanadada ýerleşýän IFEX guramasyna, pikir aýtmak azatlygyny we adam hukuklaryny goraýan global gurama soňky beren jogaplarynda suduň awgust aýynyň aýagynda bu elhenç ganhorlyk boýunça derňewi gaýtadan açandygyny aýtdy diýdi.  “Elbetde, biz derňewiň gaýtadan açylanyna örän begendik. Читать дальше...

BMG owgan çagalaryna garşy dört ýylda 14 müň “zorlugyň” edilendgigini aýdýar

Azathabar.com 

Soňky dört ýylda Owganystandaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy çagalara garşy 14 müňden gowrak “düýpli zorlugyň” edilmegine alyp geldi diýip, BMG-niň hasabatynda bu zorluklaryň 3500-e golaý çaga ölümini hem öz içine alýandygy aýdylýar.  BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş taraplaryň ählisi tarapyndan edilen düýpli zorluklaryň “howsala beriji derejesini”, “çagalaryň ýaragly konfliktiň esasy jebirlerini çekmegini dowam etmegini”ýazgardy. Bu döwürde 9 müň çemesi çaga ýaralandy diýip, hasabatda aýdylýar. Читать дальше...



Tramp Hytaýy Baýdeni derňemäge çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy demokratlardan prezident bolmaga umydygär Joe Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Kongresde Ukrainadan Joe Baýdeni we we onuň ogly Hanteri derňemegi talap edendigi üçin impiçment derňrewiniň geçirilýän wagtynda etdi. Tramp 3-nji oktýabrda Ak tamda žurnalistlere özüniň Hytaý we Ukraina ozalky wise-prezident Joe Baýden bilen onuň biznesmen ogluny derňemeli diýip ynanýandygyny aýtdy we impiçment derňewini” bolgusyzlyk” hökmünde häsiýetlendirdi. "Men [ukrain] prezidenti [Wolodymyr] Zelenskä... Читать дальше...

Russiýanyň baş diplomaty Türkmenistana sapar eder

Azathabar.com 

“Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň başlygy 10-njy oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň ýene bir mejlisine gatnaşar” diýip, diplomat aýtdy.

“Naftogaz” “Gazpromyň” türkmen gazyny goýbermegini talap edýär

Azathabar.com 

Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasynyň başlygy Ýuriý Witrenko öz feýsbuk sahypasynda beýanat çap edip, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyny Türkmenistandan we beýleki garaşsyz rus gaz kompaniýalaryndan gelýän gazy rus-ukrain serhedinden goýbermäge çagyrdy. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.  “Naftogaz” “Gazpromyň”Ukraina-RF araçäginde Türkmenistandan we Orsýetiň garaşsyz gaç öndürijilerinden gelýän gazyň, şeýle-de “Gazpromyň” Ýewropadaky kontragentleri üçin gazyň petigini açmagy esasly talap edýär” diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *