Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Новости за 28.10.2019

ÝB Breksiti 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli amala aşyrmagy tassyklady

Azathabar.com 

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Twitterde paýlaşan maglumatynda ÝB-niň 27 agza ýurdunyň “Beýik Britaniýanyň Breksiti 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli islendik amatly wagtda amala aşyrmak möhletini uzaltmak baradaky haýyşyny” kabul etmek barada ylalaşandygyny aýtdy. Tusk bu kararyň şu hepdäniň dowamynda “ýazmaça görnüşde resmileşdirilmegine garaşylýandygyny” hem belledi. Bu karar Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak baradaky ylalaşygy iki tarap tarapyndan hem tassyklansa... Читать дальше...

Türkmenistanda milli metbugata mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet metbugatyna hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, hususan-da Mary welaýatynda şu ýyl döwlet neşirlerine abuna ýazylmaga mekdep okuwçylary hem mejbur edilýärler.  - Marynyň döwlet edaralarynyň işgärlerine mejbury ýagdaýda gazet-žurnallara ýazylmaly diýýärler. Hatda okuwçylara-da "Güneş" žurnalyna ýazylmak üçin 14 manatdan ene-atalaryňyzdan kanikul gutaransoň pul getiriň diýip aýdylypdyr, - diýip Marydaky habarçymyz aýdýar. Читать дальше...

Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň dawaly Kaşmir regionyna baryp görmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan ybarat delegasiýanyň Gimalaý dagalaryndaky dawaly Kaşmir regionyna baryp görmegine garaşylýar. 29-njy oktýabrda delegasiýa Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki esasy şähere – Srinagara – baryp görer. 1947-nji ýylda Britaniýadan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Pakistan we hinduleriň ýolbaşçylygyndaky Hindistan üç urşy başdan geçirdi. Olaryň ikisi Kaşmiriň üstündedi. Bu ýurtlaryň ikisi-de Kaşmiriň özlerine degişlidigini öňe sürýär. Читать дальше...

Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Sowet Soýuzynyň tankytçylary dymdyrmak üçin psihiatriýadan betniýetli peýdalanmagyny paş etmäge kömek eden, sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda Britaniýada aradan çykdy. Soňky ýyllarda saglyk ýagdaýy agyrlaşan Bukowskiý 27-nji oktýabrda giçlik Britaniýanyň Kembrijdäki keselhanasynda ýürek näsazlygyndan aradan çykdy diýip, onuň bilen ilteşikli, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän meýletin gurama – Bukowskiý merkezi – aýtdy.  1960-njy we 1970-nji ýyllarda Bukowskiý “anti-sowet agitasiýada we propagandada” aýyplanyp... Читать дальше...

Milanda italiýan-türkmen biznes forumy geçiriler

Azathabar.com 

2019-njy 6-njy noýabrynda Italiýanyň Milan şäherinde italiýan-türkmen biznes forumy geçiriler diýip, “Trend” neşiri Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär. Neşiriň 27-nji oktýabrda çap eden habaryna görä, forum Italiýanyň Söwda agentligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda geçiriler. “Çäräniň dowamynda esasy üns nebit we gaz, himiýa, tekstil we deri senagaty, şeýle-de oba hojalyk we gurluşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdiriler” diýlip, habarda aýdylýar. Читать дальше...

Owganystan bilen Pakistanyň güýçleriniň arasynda atyşyk boldy, azyndan üç adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň we Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri iki ýurduň dawaly serhet regionynda çaknyşdylar. Wakanyň netijesinde parahat ýaşaýjylardan azyndan üç adam öldi diýip, owgan resmileri aýdýarlar. 27-nji oktýabrda Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda ok atyşyk başlady we bu ertesi daňdana çenli dowam etdi diýip, resmiler aýtdylar. Kunar welaýat geňeşiniň agzasy Şer Zamin Han Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri serhetde ýerleşýän Nari etrabynyň çäginde harby desgany gurmaga synanyşandan soňra atyşyklaryň başlandygyny mälim etdi. Читать дальше...

Maryda 'Ahal' ýagyndan soň, unuň we ýumurtganyň satuwy hem çäklendirildi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagyndan soňra, ýerli unuň we towuk ýumurtgasynyň satuwy hem gaýtadan çäklendirildi. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň Aşgabatdan gelendigi aýdylýan barlagçylaryň yzyna gidendigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *