Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Новости за 29.10.2019

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägilelik bildirdi. Döwlet metbugatyna görä, 28-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda Aşgabadyň häkiminden hasabat sorapdyr. Ş.Durdylyýewiň paýtagtdaky ýagdaýlar, ony abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gök zolaklary döretmek, dürli maksatlara gönükdirilen obýektleriň gurluşygynyň depgini barada beren hasabatyndan soň, prezident şäher we etrap häkimlikleriniň işinden özüniň nägiledigini aýdypdyr. Читать дальше...

Amnesty International özbek bloggeriniň boşadylmagy üçin kampaniýa başlatdy

Azathabar.com 

Amnesty International guramasy geçen aýdan bäri ruhy näsaglaryň keselhanasynda saklanýan özbek bloggeri Nafosat Olloşukurowanyň boşadylmagy üçin kampaniýa başlatdy. Halkara günä geçiş guramasy özüniň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda öz aktiwistleriniň we tarapdarlarynyň Olloşukurowanyň derhal boşadylmagy we mejbury saglyk bejergisiniň bes edilmegi üçin özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewe çagyryş etjekdigini aýtdy. 30-njy oktýabrda Özbegistanyň Horezm regionynyň sudy iki ýaş çaganyň ejesi... Читать дальше...

ABŞ Hytaýda geçiriljek owganara gepleşiklerini gowy garşy aldy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Hytaýyň owganara parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny Pekinde geçirmek baradaky teklibini gowy garşy aldy. Talyban bu gepleşikleriň 29-30-njy oktýabrda Pekinde geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň hökümetleriniň 28-nji oktýabrda bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Bu ýurtlaryň resmileri geçen hepde Moskwada ýygnaklary geçiripdiler. 24-25-nji oktýabrda Russiýada geçirilen ýygnaklarda Birleşen... Читать дальше...

Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasy dawaly Kaşmir regionyna bardy

Azathabar.com 

29-njy oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan ybarat topar dawaly Kaşmir regionyna bardy. Bu, awgust aýynda Hindistan Gimalaý daglarynda ýerleşýän regionyň ýarym awtonomiýa statusyny ýatyryp, ýiti çäklendirmeleri girizeni bäri, Kaşmire sapar edýän ilkinji daşary ýurt delegasiýasydyr. Delegasiýa Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki esasy şähere – Srinagara – baryp görýär we hökümet hem-de harby resmiler bilen duşuşýar. 1947-nji ýylda Britaniýadan öz garaşsyzlygyna eýe... Читать дальше...

Yrakdaky protestlerde azyndan 17 adam öldi

Azathabar.com 

Yragyň şaýy musulmanlarynyň mukaddes Karbala şäherinde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň gijäň ýary protestçilere ot açmagy netijesinde azyndan 14 adam öldi we başga-da 865 sanysy ýaralandy diýip, 29-njy oktýabrda saglygy goraýyş we howpsuzlyk pudagyndaky çeşmeler aýtdylar. Ýurduň günortasyndaky Nassiriýa şäherinde geçirilen protestlerde ýaralanan protestçileriň üç sanysy öldi diýip, saglygy goraýyş pudagyndaky çeşmeler bellediler.  Demonstrantlar premýer-ministr Adel Abdul Mahdiniň hökümetine garşy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *