Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Новости за 25.10.2019

Türkmen resmileri ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny maslahat etdiler

Azathabar.com 

Türkmenistanda adam hukuklary meselesi maslahat edildi. Döwlet, kanun we demokratiýa institutynda 24-nji oktýabrda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar kanunlary ugrundaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasynyň işine seredilipdir. Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri komissiýasynyň 9 aýyň dowamynda alyp baran işlerine seredipdir. Hususan-da, olar ýurduň BMG bilen partnýorlygyna ýokary baha beripdir. Читать дальше...

Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin 25-nji oktýabrda Bakuwa bardy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ukraina 1 müňlük griwnany dolanyşyga girizýär

Azathabar.com 

Ukrainanyň Milli banky täze, 1 müňlük griwnany dolanyşyga girizdi, täze pul banknotynyň ýüzünde 20-nji asyryň tanymal ukrain alymy Wolodimir Wernadskiýniň suraty ýerleşdirilipdir. Bankyň başlygy Ýakiw Smoli Kiýewde žurnalistlere täze pul birligi barada maglumat berip, onuň ýurtda 25-nji oktýabrdan dolanyşyga girizileniň uly kagyz boljakdygyny aýtdy.  Bank iýun aýynda täze pul birligini girizmek pikiri barada söz açyp, onuň “ykdysady faktorlar, hususan-da ortaça aýlygyň möçberiniň çalt köpelmegi... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti Azerbaýjana sapar edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Bakuwa geldi diýip, “Trend” habar gullugy Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat-gullugyna salgylanp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, türkmen prezidenti Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyňXVIII sammitine gatnaşar. Prezident Berdimuhamedowy Haýdar Alyýew adyndaky aeroportda Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, daşary işler ministriniň orunbasary Mahmud Mammad-Guliýew we beýleki resmiler garşy aldylar. Читать дальше...

Maryda ‘Ahal’ ýagynyň satuwy gaýtadan çäklendirildi

Azathabar.com 

Aşgabatdan Mary welaýatyna barandygy aýdylýan barlagçylaryň paýtagta dolanandygy baradaky gürrüňleriň fonunda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagynyň satuwy gaýtadan çäklendirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy habar berýär.

ABŞ Türkmenistana medeni mirasy dikeltmek üçin ýene grant berdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou 21-nji oktýabrda “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak fondy” (AFCP) programmasynyň çäginde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygarlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli edarasyna $150 müň möçberinde grant berdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, grant gadymy Ýüpek ýolunyň boýundaky Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak baradaky taslamanyň üçünji tapgyryny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. AFCP... Читать дальше...

Pentagon, YD-dan nebit ýataklaryny goramak üçin, demirgazyk-gündogar Siriýadaky güýçlerini artdyrmagy planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Pentagon gaýtadan janlanmagy ahmal “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň nebit ýataklaryny ele geçirmeginiň öňüni almak üçin, demirgazyk-gündogar Siriýa sebitindäki harby güýçlerini kuwwatlandyrmagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.  24-nji oktýabrda gelnen karar prezident Donald Tramyň ABŞ goşunlaryny türk güýçlerine siriýaly kürt söweşijilerinden saplanan “howpsuzlyk zonasy” diýilýäni döretmäge ýol bermek üçin Türkiýäniň serhet boýlaryndan çykarýandygyny yglan etmeginiň birnäçe gün yz ýanyna gabat geldi. Читать дальше...

Moskwadaky kitap dükany Staliniň karikaturasy bilen çykan žurnaly satmakdan boýun gaçyrdy

Azathabar.com 

Moskwada iň uly kitap dükanlarynyň biri Bolan “Molodaýa gwardiýa” “Diletant” žurnalynyň jildi Iosif Staliniň we Adolf Hitleriň gelinlik we öýlenýän ýigit hökmünde suratlandyrylan şekilleri bilen çykan sanyny satmakdan boýun gaçyrdy. Bu surat Ikinji Jahan urşunyň başlanan wagtynda çap edilen amerikan karikaturasynyň göçürme nusgasydy. Dükanyň bu karary barada “Eho Moskwy” radiosynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow habar berdi. Taryh barada ylmy-populýar makalalary çap edýän we jildinde köplenç... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *