Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 18.12.2020

Häkimiýetler koronawirusy ykrar edýänçä, ilat öz-özüni bejerýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýaşaýjylaryň kesellemegi, koronawirus testleriniň geçirilmegi we koronawirusdan bejergi almagy dowam edýär. Kimsi hassahana ýerleşdirilýär, beýlekileri öýde bejergi alýar, şol sanda COVID-19 garşy täsiri subut edilmedik dermanlary ulanýar. Näsaglar COVID-19 diagnozyny henizem resmi taýdan tassykladyp bilmeýär.

ÝB Belarusa garşy täze sanksiýalar tapgyryny tassyklady

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi 17-nji dekabrda Belarusa garşy sanksiýalaryň üçünji tapgyryny tassyklady. Oňa 29 şahs we 7 ýuridiki şahs girdi. Bu barada "Azatlyk" radiosynyň Belarus gullugy habar berdi. Sanksiýalar sanawyna girizilen resmileriň arasynda premýer-ministriň orunbasary Anatoliý Siwak, “Belteleradiokompaniýanyň” başlygy Iwan Eýsmant, Respublika geňeşiniň başlygy Natalýa Kaçanowa, Baş prokuror Andreý Şwed, Belarusyň maglumat ministri Igor Lutskiý dagy hem bar. Bu sanksiýalar "Amkodor" maşyn gurluşyk... Читать дальше...

Pompeo: Türkiýä garşy sanksiýalaryň esasy maksady rus täsiriniň öňüni almakdan ybarat

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň Türkiýä garşy girizen sanksiýalarynyň esasy maksadynyň rus täsirleriniň giňelmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy. Türkiýäniň Orsýetden S-400 uçara garşy raketa ulgamlaryny satyn almagy Waşingtonyň Ankara garşy sanksiýa girizmegine sebäp boldy. ABŞ-nyň döwlet departamentiniň başlygy şu hepde türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen telefonda gürleşdi, diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary Waşingtonyň Ankara garşy girizen sanksiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar... Читать дальше...

Merkezi bank: Özbegistanlylar daşary ýurtlara geçen ýyldakydan has köp pul iberdi

Azathabar.com 

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistandan daşary ýurtlara serhetüsti  iberilen pullaryň mukdary 1,08 milliard dollara ýetdi. Merkezi bankyň maglumatyna görä, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12 göterim köp serişdäniň ýa-da 119 million dollaryň artyk iberilendigini görkezýär. Şol bir wagtda, soňky 10 aýda daşary ýurtlardan  Özbegistana geçirilen pullaryň mukdary 5,44 milliard dollar boldy. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, puluň 2% ýa-da 85 million dollar az geçirilendigini aňladýar. Читать дальше...

Aşgabat: Daşary ýurtlulara özleriniň kireýine alýan jaýlarynda ýaşamaga 'rugsat berildi'

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri daşary ýurt firmalarynyň işgärlerine we olara hususy jaýlaryny kireýine berýän raýatlara garşy basyşlaryny bes etdi. Häzirki wagtda daşary ýurtlularyň kireýine alýan şol öňki jaýlarynda ýaşamagyna rugsat berilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi. Bellesek, bu maglumat Aşgabatda ýaşaýan daşary ýurtlulardan kireýine alýan jaýlaryndan çykyp, myhmanhanalara göçmegiň talap edilýändigi barada mundan bir hepde çemesi ozal Azatlyk Radiosynda... Читать дальше...

Nigeriýada ýüzlerçe okuwçy ýesirlikden azat edildi

Azathabar.com 

Ýaragly adamlar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky orta mekdebe hüjüm edip, ýüzlerçe çagany alyp gaçandan soň, nigeriýaly mekdep okuwçylarynyň 340-den gowragy azat edildi. Ýerli we milli resmiler bir hepde çemesi öň Katsina ştatynda, hökümetiň ylym mekdebine motosiklli edilen hüjüm netijesinde  golaýdaky Rugu tokaýyna alyp gidilen oglanlaryň boşadylmagyny gutlady. Ýöne käbir habarlarda alnyp gaçylan köp okuwçynyň entek tapylmaýandygy aýdylýar.  "Men oglanlaryň köpüsini halas etdik diýip hasaplaýaryn" diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *