Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 28.12.2020

Doping duýduryjylarynyň Russiýa gaýdyp barmak plany ýok

Azathabar.com 

Russiýada doping dawasynyň paş edilmeginde möhüm rol oýnan russiýaly är-aýal 27-nji dekabrda çap edilen interwýularynda mundan beýläk Russiýany öz öýleri hasaplamaýandyklaryny hem-de ýurda gaýdyp barmak planlarynyň ýokdugyny aýtdylar. Witaliý we Ýuliýa Stepanowlar 7 ýaşly ogullary bilen häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda ady aýdylmaýan bir ýerde ýaşaýarlar hem-de bosgunlyk üçin ýüz tutan arzalarynyň çäginde söhbetdeşlige garaşýarlar. Olar bu barada Germaniýanyň dpa habar agentligine gürrüň berdiler. Читать дальше...

Ahalda we Maryda ýagan gar hereketi çäklendirdi. Berdimuhamedow agtygy bilen Köpetdagda gezelenç etdi

Azathabar.com 

Ahalda we Maryda hepdäniň ahyrynda ýagan gar ýerli ilat üçin bir topar kynçylyk döretdi. Aýazly howanyň we garyň netijesinde emele gelen sürçek ýollarda Aşgabatda bir awtobus agdaryldy, Maryda ençeme awtoulag ýoldan çykdy, köçede adamlar typyp ýykylyp, tenine şikes ýetirdi. Türkmen döwlet telewideniýesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerim bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç edendigi görkezilse-de, sowuk howanyň döreden kynçylyklaryndan söz açylmady. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy... Читать дальше...

COVID-19: Karantinde işleýän medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy etmeli bolýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda üç hassahana COVID-19 alamatly hassalary kabul etmek üçin karantinde galýar. Olar Türkmenabadyň şäher hassahanasy, welaýat köpugurly hassahanasynyň bir bölümi we Ýokanç keselleri hassahanasydyr. Karantin zonalarynda işleýän medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy etmeli bolýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär. Habarçynyň maglumatlaryna görä, hassahanalar näsaglary gezekleşip kabul edýär. “Meselem, şäher hassahanasy dolsa... Читать дальше...

Azerbaýjan Daglyk-Garabagda bir esgeriniň öldürilendigini, beýlekisiniň ýaralanandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Azerbaýjan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynda bolan hüjümde öz harby gullukçylaryndan biriniň wepat bolandygyny, beýlekisiniň ýaralanandygyny habar berdi. Ýurduň Goranmak ministrligi 28-nji dekabrda Hojawend etrabynyň Agdam obasyndaky "bikanun ermeni ýaragly toparynyň" alty agzasynyň Azerbaýjanyň harby bölümine hüjüm edendigini we hüjümçileriň hemmesiniň öldürilendigini aýtdy. Ministrlik şuňa meňzeş hüjümler amala aşyrylan halatynda "aýgytly çäreleri görjekdigini" aýtdy. Ýerewanyň we... Читать дальше...

Aşgabatda gar ýagdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda birnäçe günläp güýçli gar ýagdy. Ýollary gar we buz örtdi. Ýaşaýyş jaýlarda ýyladyş, elektrik togy we gaz üpjünçiligi sandan çykdy.

ÝB COVID-19 garşy waksina programmasyna başlady

Azathabar.com 

Pensiýa çykan adamlar we saglygy saklaýyş işgärleri 27-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň köpçülikleýin COVID-19 waksina programmasynyň çäginde edilýän sanjymlary almak üçin nobata düzüldiler. Ilkinji günlerde waksina alan adamlar rahatlyk we minnetdarlyk bildirdiler. "Geliň göreli biz bu wirusdan dynyp bilsek" diýip, Ispaniýada ilkinji waksinany alan 96 ýaşly Arakeli Hidalgo aýtdy. Italiýada 29 ýaşly şepagat uýasy Klaudia Aliwernini özüne Rimiň keselhanasynda waksina edilen wagtynda "bu ajaýyp we taryhy pursat" diýdi. Читать дальше...

Tramp amerikanlara COVID-19 bilen bagly kömek barada kanuna gol çekdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp birnäçe gün gijikdirilenden soň 27-nji dekabrda COVID-19 bilen bagly kömek we hökümet çykdajylary baradaky kanuna gol çekdi. Bu döwürde millionlarça amerikaly üçin niýetlenýän işsizlik boýunça kömek pulunyň möhleti gutardy we kanun çykaryjylar hökümetiň öz işini wagtlaýyn togtatjagy barada duýduryş berdi. Tramp ozal bu kanuny kabul etmekden ýüz öwürenden soň, takmynan 11 million adama goşmaça ýeňillikleriň tölenjegi şübhe astyna düşdi we olaryň öz maşgalalaryny eklemek baradaky hasratyny artdyrdy. Читать дальше...

Hytaý Wuhanda koronawirusyň ýaýrandygy barada habar üçin žurnaliste türme tussaglygyny berdi

Azathabar.com 

Hytaý fewral aýynda Wuhan şäherinden koronawirusyň ýaýramagy barada habar beren raýat žurnalistine agyr türme tussaglygyny berdi. 37 ýaşly Zhang Zan, epidemiýanyň ilkinji günlerinde şäherde COVID-19 saklamak üçin göreş barýarka, köp adamly krematoriýalary we hassahanalary görkezýän onlaýn wideolary ýazga aldy. Öňki aklawçy zenan Zhang wirusyň başlanan merkezinden habar berendigi üçin Şanhaýyň sudy tarapyndan dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Zhang, wirusyň bulam-bujarlykly başlangyç döwürlerinde... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *