Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 22.12.2020

Russiýa ýurda girmegi gadagan edilen ÝB resmileriniň sanawyny giňeltdi

Azathabar.com 

Russiýa, Ýewropa Bileleşiginiň Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi sebäpli rus resmilerine syýahat gadagançylygyny girizmek baradaky "kabul ederliksiz" kararyna jogap edip, ýurda girmegi gadagan edilen ÝB resmileriniň sanawyny giňeldendigini aýtdy. Moskwadaky Daşary işler ministrligi “Russiýa Federasiýasyna girmegi gadagan edilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň we guramalaryň wekilleriniň sanawyny giňeltmek kararyna geldi” diýlip, ministrligiň 22-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...

CPJ: 2020-nji ýylda žurnalistleri nyşana alýan repressiw jenaýatlar iki esse köpeldi

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 2020-nji ýylda dünýäde 21 žurnalistiň öz edýän işi üçin öldürilendigini aýdýar. Bu geçen ýyldakydan iki esse köp bolup, 2019-njy ýylda bu görkeziji 10-a barabardy. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän gurama 22-nji dekabrda çap eden hasabatynda şu ýyl, umumy hasap bilen, azyndan 30 žurnalistiň öz işini berjaý edýän wagtynda öldürilendigini hem belleýär. "Geçen ýylda žurnalistleriň öldürilmeginiň iki esse köpelmegi elhenç bolup... Читать дальше...

“Bellator” MMA boýunça türkmen türgeni bilen şertnama gol goýdy

Azathabar.com 

Garyşyk söweş tärleri boýunça amerikan guramasy “Bellator MMA” türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow bilen şertnama gol goýdy. Bu barada “mmajunkie.usatoday.com” websaýty habar berýär. “Şu gün MMA Junkie “Bellatoryň” Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony Döwletjan Ýagşymyradowy 205 funtlyk sanawyna goşandygyny öwrendi. Resmiler şertleri yglan etmeseler-de, köp söweşli, saýlama şertnamany tassykladylar” diýlip, websaýtyň habarynda aýdylýar. 21-nji... Читать дальше...

Ýadro ylalaşygynyň agzalary ABŞ-nyň täzeden goşulmak mümkinçiliklerine taýýarlanýar

Azathabar.com 

2015-nji ýyldaky Ýadro şertnamasyna ygrarly bolup galýan taraplar ABŞ-nyň bu ylalaşyga gaýtadan goşulmak mümkinçiliklerine taýýarlyk görýärler. 20-nji ýanwarda häkimiýet başyna geçmeli saýlanan-prezident Jo Baýden bu ylalaşyga ýaňadandan goşulmaga synanyşjakdygyny aýtdy. Ýadro ylalaşygy Baýdeniň wise-prezident bolan döwri baglaşylypdy. 21-nji ýanwarda ylalaşyga agza döwletleriň, ýagny Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, şeýle-de Russiýanyň, Hytaýyň we Eýranyň  daşary işler ministrleriniň onlaýn maslahatyndan soňra... Читать дальше...

COVID-19: Aşgabadyň hassahanasy näsaglardan doldy. Baýramalyda mugallymlara jerime salynýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň bir hassahanasy koronawirus alamatlary bilen kesellän näsaglardan doldy. Ýurtda näsaglara resmi derejede COVID-19 diagnozy goýulmaýan mahaly, paýtagtyň käbir saglyk işgärleri koronawirus testinden geçmek isleýän raýatlara näresmi hyzmatlary hödürleýärler. Mary welaýatynyň häkimiýetleri mekdeplerde maska režiminiň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirdiler. Düzgüni bozan mugallymlara pul jerimesi salnyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary 21-nji dekabrda gürrüň berdiler.

‘Moderna’ sanjymynyň ilkinji sançgylary ABŞ-nyň saglygy goraýyş işgärleriniň eline geçdi

Azathabar.com 

22-nji dekabrda COVID-19-a garşy “Moderna” sanjymynyň ilkinji sançgylary ABŞ-nyň saglygy goraýyş işgärleriniň eline geçdi. Bu waka “Pfizer-BioNTech” kompaniýasynyň sanjymy tutuş ýurtda ornaşdyrylyp başlanyndan bir hepde soňa gabat geldi. Birleşen Ştatlarda soňky bir hepdäniň dowamynda tassyklanan täze hadysalaryň ortaça sany 210 müňe golaý bolup, takmynan 115 müň adam keselhana ýerleşdirildi we her gün ortaça 2 müň 600-den gowrak adam ölýär. “Pfizer-BioNTech” kompaniýasy kadalaşdyryjy päsgelçilikleri aradan aýyrandan soň... Читать дальше...

Maryly zenanlar döwletden kömek gözläp, üýşüp häkimlige bardy 

Azathabar.com 

Mary şäherinde onlarça zenan döwlet tarapyndan kömek sormak üçin üýşüp 21-nji dekabrda Mary welaýat häkimligine bardy. Zenanlar öz obalarynda unuň 6-7 aý gijikdirilip satylýandygyny, agyz suwuň ýokdugyny aýtmak isläpdir. Häkimligiň wekilleri zenanlary diňlemegiň ýerine olary kowmak üçin polisiýa çagyrdy. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berdiler. Marynň häkimiýetleri bu ýagdaýy kommentirlemedi. 21-nji dekabrda Marynyň Mollanepes köçesinde ýerleşýän welaýat hakimligine baran... Читать дальше...

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň häkimiýetleri arzan miwe we ýumurtga 'bolçulygyny' döretmäge çalyşýar

Azathabar.com 

Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, Aşgabadyň häkimiýetleri käbir bazarlarda we dükanlarda adatdan daşary arzan miwe we ýumurtga "bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Bu aralykda, Marynyň häkimiýetleri telekeçilere hususy dükanlaryň öňüni täze ýyl bezegleri we arçalary bilen bezemegiň gadagandygyny duýdurdy. Lebabyň Farap etrabynda mugallymlardan we okuwçylardan Täze ýyl baýramy üçin pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji dekabrda habar berdiler. Paýtagtyň "Gülüstan", "Gündogar" we "Paýtagt" bazarlarynda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *