Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 25.12.2020

Marynyň güýç edaralarynda iki garyndaşyň işlemegi gadagan edilýär, köpçülikleýin ştat kemeltmä garaşylýar

Azathabar.com 

Geljek ýylyň ýanwaryndan başlap, Marynyň kanun goraýjy edaralarynda bir maşgaladan birden köp adam ýa-da dogan-garyndaşlar işleýän bolsa, onda bu işgärleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy planlaşdyrylýar. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy organ işgärleriniň ençemesine salgylanyp, bu barada kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine eýýäm duýduryş berilendigini we munuň bilen bagly ýüzlerçe organ işgäriniň işini ýitirmegine garaşylýandygyny habar berýär. "Täze ýyldan başlap, garyndaşy organ işinde... Читать дальше...

Mekdep okuwçylary adatdakysyndan has köp dynç alarlar, studentler dynç alyşda öýlerine gitmezler

Azathabar.com 

Türkmenistandaky käbir uniwersitetleriň studentleri täze ýyl baýramçylyklarynda öýlerine gaýdyp bilmezler. Ýurduň orta mekdeplerde bolsa, kanikul döwri uzaldyldy. Bu aralykda edara-kärhanalarynda baýramçylyk çäreleri, korporatiw oturylyşyklar ýatyryldy. Şahsy oturylyşyklar, toýlar we ýas çäreleri hem berk çäklendirildi. Häkimiýetleri adamlaryň duşuşmakdan saklanmagyny wagyz edýärler. Bu çäreler ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak bilen düşündirilýär. Koronawirus henizem ýurtda agzalmaýar. Türkmenabadyň... Читать дальше...

Eýran sanjym almak üçin gadaganlykdaky bank serişdelerini ulanjagyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Eýran banklaryna garşy girizen sanksiýalaryna garamazdan, Eýran koronawirus sanjymlaryny satyn almak üçin daşary ýurtlarda saklaýan daşary ýurt walýuta ätiýaçlyklaryny ulanmak üçin ABŞ-dan rugsat almagy başardy diýip, Merkezi bankyň başlygy 24-nji dekabrda habar berdi. Abdolnaser Hemmati ABŞ-nyň Gazna departamentiniň Daşary ýurt emläklerine gözegçilik gullugynyň bu serişdeleriň Şweýsariýa bankyna geçirilmegini tassyklandygyny aýtdy. Hemmati Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) ýolbaşçylygyndaky... Читать дальше...

Namanganda alnyp gaçylanda awtoulagdan böken 16 ýaşly gyz aradan çykdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Namangan sebitinde alnyp gaçylan mahaly ulagdan böken 16 ýaşly gyz, agyr ýaralary sebäpli, keselhanada jan berdi. Sebit polisiýa bölüminiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu waka 20-nji dekabrda Naryn sebitinde boldy. 18 we 23 ýaşlaryndaky iki ýigit iki sany deň-duşy bilen kireýine alan otagynda ýaşap, bir ýarym aý bäri ýokary okuw jaýyna girmäge taýynlanýan gyzy alyp gaçdy. Içeri işler müdirligi bu wakadan ne öňüni alyş gözegçisiniň, ne-de etrap başlygynyň habarlydygyny aýtdy. Читать дальше...

Owganystanda meşhur aýal-gyz hukuklary aktiwisti öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň Içeri işler ministrligi beýanat çap edip, tanymal zenan hukuklaryny goraýjy aktiwist Freşta Kohistaniniň Kabulyň demirgazyk-gündogaryndaky Kapisa sebitiniň bir obasynda janyna kast edilip öldürilendigini habar berdi. Kohistani halkara derejesinde alada döreden matlaply kast edişlikler tapgyrynyň iň soňky pidasy boldy.  “Şu gün agşam sagat 5 töweregi motosiklli gelip, näbelli ýaragly adamlar Kapisa etrabynyň Kohistan etrabynyň Hes-e-Awal diýen ýerinde Freşta Kohistaniniň janyna kast etdiler... Читать дальше...

Lebapda benzin gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Lebapda, şol sanda gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda ulag sürüjileri ýene-de benzin gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, ýerli ýangyç stansiýalarynda A-95 markaly benzin tapdyrmaýar. “Farapdan Türkmenabada ýöriteläp benzin guýdurmak üçin geldim. 300-nji bolup nobata durdum. Emma stansiýada benziniň gutarmagy sebäpli, ýene yzyma boş gaýtmaly boldum” diýip, faraply ýaşaýjylaryň biri 24-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi. Читать дальше...

Orsýet FSB agenti bilen duşuşjak bolan aklawça garşy jenaýat derňewini açýar

Azathabar.com 

Russiýanyň hukuk goraýjy guramalary Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň aklawçysy Lýubow Sobola garşy jenaýat işini açdy we ony soraga alyp gitdi diýip, Gazna 25-nji dekabrda twitterde habar berdi. Korrupsiýa garşy gazanynyň müdiri Iwan Ždanow derňewçileriň Sobolyň “güýç ulanmak ýa-da ulanmak wehimi bilen”, rugsat edilmeýän ýere barandygy sebäpli aýyplanýandygyny aýtdy. Bu derňew aklawçy Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) adam zäherlemekde güman edilýän agentiniň gapysyny kakandan soň açylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *