Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Новости за 02.01.2021

Hepdäniň jemi #1 (02.01.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Aşgabadyň Täze ýyly garşy alşy; Türkmen aktiwistleriniň diskussiýa, çekişme medeniýeti; Owgan türkmenleriniň alnyp gaçylan 9 ýaşly oglanyň maşgalasyna berýän goldawy we onuň mümkin bolan netijeleri baradaky söhbetlerimizi diňlemäge, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Gazagystan ýigrimi ýyla golaý doňduran ölüm jezasyny ýatyrdy

Azathabar.com 

Gazagystan ýigrimi ýyla golaý doňduryp saklan ölüm jezasyny resmi taýdan ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu habar 2-nji ýanwarda, prezidentiň web sahypasynda çap edilen beýanatda yglan edildi.  Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamasynyň Ikinji goşmaçasynyň parlament tassyklamasyna, gol çeken taraplary ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna borçly edýän dokumente gol çekdi diýip, beýanatda aýdylýar. Gazagystan 2003-nji ýylda ölüm jezasyna belli bir möhlet goýmazdan moratoriýa girizdi... Читать дальше...

Owganystanda bir žurnalist Täze ýyl gününde atylyp öldürildi

Azathabar.com 

1-nji ýanwarda Owganystanyň günbatarynda bir žurnalist näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürildi diýip, Gor welaýatynyň häkiminiň orunbasary aýtdy. Žurnalist Bismillah Adel Aýmak Puşta Gazak diýilýän ýerde öldürildi we bu jenaýat boýunça derňew geçirilýär diýip, häkimiň orunbasary Azizullah Radmaniş Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy. Bu soňky iki aýda Owganystanda öldürilen bäşinji žurnalist bolýar. Aýmak Ghor Ghag radiosynyň dolandyryjy müdiri we welaýatda raýat jemgyýeti aktiwisti hökmünde tanalýardy diýip... Читать дальше...

Türkmen we türk prezidentleri telefonda gürleşdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji ýanwarda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşdi. Iki lider bir-birini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady we bir-birege üstünlik arzuw etdi. TDH telefon söhbetdeşliginiň türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilendigini habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady.  Şeýle-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, energetika... Читать дальше...

Azyndan 33 ýurtda täze, has ýokanç wirusyň ýaýraýandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Koronawirusyň ikinji gezek Angliýada tapylan täze görnüşiniň ýüze çykarylandygyny habar berýän ýurtlaryň sany azyndan 33-e ýetdi we bu ýagdaý onuň  britan resmileri howsala jaňyny kakaly bäri geçen üç hepdä golaý wagtda eýýäm giňden ýaýrandygyny görkezýär.  Angliýada koronawirus ýokuşmalarynyň köpelmeginiň sebäbi onuň ozalky, asyl görnüşine garanda has ýokuşagan täze görnüşiniň ýüze çykmagy bilen düşündirilýär. Wirus ýokuşmalaryna jogap hökmünde, soňky dört günüň dowamynda gündelik täze wirus ýokuşmalarynyň 50 müňden geçmegi bilen... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *