Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Новости за 21.01.2021

Bazarlardaky nyrhlar türkmen metbugatyny ýalançy edýär

Azathabar.com 

Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar. Soňky maglumatlara görä, manadyň dollaryň garşysyndaky ýagdaýy pandemiýa aladalary bilen birleşip, ýerli önüm öndürijileri we sarp edijileri barha kän aldym-berdime salýar.

Türkmenistan we Azerbaýjan iki ýurduň arasyndaky dawaly uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça ylalaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça ylalaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ýarym resmi Orient.tm neşiri habar berýär. Türkmenistanyň daşary işleri ministri Raşid Meredow we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow 21-nji ýanwarda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýangyç känini bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler. Habarda aýdylmagyna görä... Читать дальше...

Hökümediň agenti bolmakda aýyplanýan eýranlynyň tussag edilmegini Tähran ýazgardy

Azathabar.com 

Eýranly bir syýasat ylymlary boýunça alym Birleşen Ştatlarda eýran hökümetiniň agenti bolmakda günäkärlenip, tussag edilenden soň, Tähran Waşingtony ony "zamun almakda” aýyplady. ABŞ häkimiýetleriniň ýurtda hemişelik ýaşaýyş rugsady esasynda ýaşaýan eýran raýaty Kaweh Afrasiabiniň tussag edilendigini yglan etmeginden bir gün soň, Eýranyň Daşary işleri ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibazdeh aýyplama bildirdi. Adalat departamenti Afrasiabiniň “Tähranyň hasaba alynmadyk agenti hökmünde... Читать дальше...

Azatlykda aýlyklar barada çykan habardan soňra, Lebaba Aşgabatdan barlag ýollandy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň geçen ýylyň aýagynda Lebap welaýatynda müňden hem aşa býujetçiniň eýýäm üç aý töweregi wagt bäri zähmet haklaryny alyp bilmeýändigi baradaky maglumatyndan soňra, sebite Aşgabatdan ýörite barlag topary iberildi we birnäçe günüň içinde işgärlere aýlyklary geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler. Ýatlatsak, Azatlyk dekabryň aýagynda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1 müň 500-e golaý işgäriň zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi... Читать дальше...

Pakistanyň premýer-ministri tire-taýpa sebitlere ýokary tizlikli Internet wada berýär

Azathabar.com 

20-nji ýanwarda Pakistanyň premýer-ministri Imran Han ýurduň Günorta Weziristan tire-taýpa sebitinde ýokary tizlikli Internetiň işe giriziljekdigini yglan etdi. Soňky aýlarda Günorta Weziristanda talyplar Internetiň pes tizligine şikaýat bildirip, birnäçe protest geçirdiler. Olar pes tizlikli internetiň ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen petiklemeleriň arasynda özleriniň onlaýn sapaklaryna täsir edýändigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy günüň ikinji ýarymynda iki ýerli ýaşaýjy bilen habarlaşdy... Читать дальше...

HRW Gazagystanyň hukuk goraýjy toparlara garşy edýän “geň galdyryjy” basyşlaryny ýazgardy

Azathabar.com 

Human Rights Watch (HRW) Gazagystanda maliýe hasabatlarynda ýol berlendigi aýdylýan 'kanun bozmalar' üçin adam hukuklaryny goraýjy toparlara garşy alnyp barylýan “basyp ýatyrmalaryň” gazak ýolbaşçylarynyň ýurtda adam hukuklaryny ösdürmek “tagallalary” babatynda “çynlakaý şübhe” döredýändigini aýtdy. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 20-nji ýanwarda beren beýanatynda häkimiýetleriň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere we guramalara garşy köpden bäri “çäklendiriji kanunlary we çakdanaşa aýyplamalary” ulanyp gelendigini aýtdy. Читать дальше...

Öýlerde COVID testi, antiseptikleriň howadan we traktordan sepilmegi. Türkmenistan koronawirusa garşy göreşýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda lukmanlar we şepagat uýalary öýme-öý aýlanyp, koronawirusly adamlary kesgitleýärler, olaryň goňşularyny keselhanalarda test etmäge iberýärler we käbir ýagdaýlarda öýlerine baryp, test geçirýärler. Welaýatlarda bolsa, howadan uçarly we ýerlerde traktorlardan antiseptikler sepilýär hem-de munuň üçin ilatdan pul ýygnalýar. Bu barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler. Häkimiýetler, ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän hem bolsalar, ilata rus waksinasy bilen sanjym etmäge taýynlyk görüp... Читать дальше...

Özbekler Russiýada ýol hereketiniň bozulmagy boýunça daşary ýurt graždanlarynyň arasynda rekord goýdy

Azathabar.com 

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň 2020-nji ýylyň dokuz aýyndaky maglumatlaryndan görnüşi ýaly, özbekler ähli daşary ýurt graždanlarynyň arasynda, ýol hereketiniň düzgünini bozmakda rekord goýdy. Ikinji orny Gyrgyzystanyň graždanlary eýeledi. Täjikler üçünji ýerde. Ýöne ýol heläkçiliginiň sany degişlilikde 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende azalypdyr. Şu wagta çenli rus polisiýasy diňe ýolagçylaryň gatnaşmagynda bolýan ýol hadysalary barada jemleýji maglumatlary çap edýärdi, ýöne indi ýurtlar tarapyndan bölünişik görkezilýär. Читать дальше...

Türkmen mediasy ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň inagurasiýasy barada heniz habar bermedi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de ýarym resmi habar saýtlary 20-nji ýanwarda ABŞ-da geçirilen inagurasiýa dabarasy barada heniz habar bermedi. Çarşenbe güni demokrat Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Bu waka dünýä arenasynda möhüm waka boldy, halkara habar serişdeleri ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryny hem-de onuň yzysüre geçirilen inaugurasiýa dabarasyny ýakyndan yzarlady. Türkmenistanyň media serişdeleri, şol... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *