Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Новости за 07.01.2021

Türkmenistan we COVID-19: ýokanç töwekgelçiligi barada duýduryş we gonamçylyklaryň dolmagy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde we ýurduň beýleki ýerlerinde gonamçylyklar dolupdyr we häkimiýetler jaýlamak üçin täze ýerleri guraýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçylary günde ýas çäreleriniň ençemesiniň geçirilýändigini we merhumlaryň jaýlanýandygyny aýdýarlar. Lukmanlar bolsa, koronawirus kesliniň ýokmagynyň töwekgelçiligi sebäpli örän zerur bolmasa, ilatyň saglygy saklaýyş edaralaryna barmakdan saklanmagy maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetlere göre, koronawirus ýurtda henizem “ýok”.

“ABŞ-da demokratiýa edilen hüjüm”: Dünýä liderleri ABŞ-nyň Kapitol binasynda bolan zorluga reaksiýa bildirýär

Azathabar.com 

Ýowuz pitneçiler ABŞ-nyň Kongres binasyna, amerikan demokratiýasynyň galasyna zor bilen girip, prezident saýlawynyň iň soňky tapgyrynyň berjaý edilmegine päsgelçilik döredenden soň, ýer şarynyň çar künjeginde soňky wakalara haýran galan resmiler öz reaksiýalaryny beýan etdiler. Olaryň käbiri çuňňur alada we ýigrenç duýgularyny beýan eden bolsa, käbiri görnetin kanagatlylyk duýgularyny mälim etdiler. ABŞ-nyň häzirki zaman taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik wakada prezident Donald Trampyň goldawçylaryndan ybarat jemende 6-njy ýanwar güni... Читать дальше...

Tramp ganly gijeden soň 'tertip-düzgünli geçişiň' boljakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky palata bu çärä garşy 303-121 netijesinde ses berdi. Biraz öň, Arizonadaky saýlaw netijelerine garşylygy ret edýän şuňa meňzeş ses berişlikde, respublikanlaryň gözegçiligindäki Senatda 93-6 netijesinde ses berildi.

Mary: Bazarlarda dilegçi köpelýär, polisiýanyň yzgytsyzlygy artýar

Azathabar.com 

Dilegçiler satyjylara "sowuk uran ýa zaýalanyp başlan soganyňyz, kartoşkaňyz bolsa beräýiň" diýip ýüzlenýärler. Täze ýylda satmak üçin edilen, emma geçmän zaýa bolan salatlary, hiç kimiň pul tölemejek harytlaryny berseler-de, olar mata sumkalaryna salyp, alkyş baryny aýdyp gidýärler.

Human Rights Watch Özbegistanda jemgyýetçilik guramalaryny bellige almaga degişli “muşakgatly” düzgünleri ýazgarýar

Azathabar.com 

Human Right Watch Özbegistanyň ynsan hukuklary babatynda soňky ýyllarda “käbir” reformalary amala aşyrandygyny, ýöne onuň “çakdan aşa we muşakgatly” registrasiýa talaplary bilen hökümete degişli bolmadyk garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň işini “berk” bökdemäge dowam edýändigini aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hökümeti kanunçylyga üýtgetme girizmeli hem-de adam hukuklary we mejbury zähmet ýaly ynjyk meselelerde iş alyp barýan garaşsyz toparlaryň hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasy... Читать дальше...

Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyny çalyşdy

Azathabar.com 

6-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda Ýokary kazyýetiň başlygyny täzeledi we başga-da birnäçe prokurory wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gylyçmyrat Hallyýew, başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Onuň täze wezipesi aýdylmaýar. Şeýle-de, prezident howpsuzlyk... Читать дальше...

Katarda parahatçylyk gepleşikleri dowam edýän wagty, Owganystanda ýurt boýunça ýowuzlyk artýar

Azathabar.com 

“Talyban” bilen Kabul hökümeti tas ýigrimi ýyla çeken urşuň soňuna çykmak maksady bilen Katarda parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlaýan wagty, Owganystanda ýurt boýunça ganly söweşler möwjeýär. Günorta Helmand welaýatynyň geňeş agzalaryna görä, 6-njy ýanwarda giç agşam welaýat paýtagty Laşkar Gahyň “Talyban” gözegçiligindäki eteginde  bir öýe edilen şübheli howa hüjüminde bäş asuda raýat öldürildi we başga-da azyndan dört adam ýaralandy.    Welaýat häkimi Abdul Nabi Elham hüjümiň howa zarbasydygy... Читать дальше...

ABŞ-nyň Saýlaw kollegiýasynyň sesleriniň sanalmagy Baýdeniň saýlaw ýeňşini tassyk etdi

Azathabar.com 

ABŞ Kongresiniň bilelikdäki mejlisinde Saýlaw kollegiýasynyň sanalan sesleri 3-nji noýabr prezident saýlawynda iş başyndaky prezident Donald Trampa garşy demokrat Jo Baýdeniň ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan tassyk etdi. 7-nji ýanwarda geçirilen ses sanalyşygy 20-nji ýanwarda wezipä girişjek saýlanan prezident Baýden we saýlanan wise-prezident Kamala Harris üçin saýlaw prosesiniň soňky tapgyrydyr. Saýlaw kollegiýasyndan 232 ses alan Tramp bilen deňeşdirilende, Baýden 306 ses aldy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *